“Neflix” kolumbiýaly Gabriel Garsiýa Markesiň “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” romany esasynda serial surata düşürer. Bu barada striming ägirdi özüniň web sagypasynda mälim etdi.
Kompaniýa Makondo şäheriniň keşbini görkezýän wideo hödürledi. Hut şol ýerde kitapdaky esasy wakalar bolup geçýär. Filmiň surata düşüriş işleri Kolumbiýada bolar. Maglumatlara görä, serialyň üstündäki işlere ýazyjynyň ogullary Rodrigo Garsiýa we Gonsalo Garsiýa Barça gatnaşýarlar. Ilkinji görkezilişiň boljak wagty entek yglan edilmedi.
Kitapda Buendiýanyň maşgalasynyň birnäçe nesli barada gürrüň edilýär. Olaryň arasynda önüp ösen Hose Arkadiobyl ady agzalan Makondo şäherini esaslandyrýar. “Ýalňyzlygyň 100 ýyly” romany 1967-nji ýylda neşir edilenden soň, Gabriel Garsiýa Markes Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna mynasyp bolupdy.