Norwegiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy Telenor şu ýyl has meşhur boljak tehnologiýa ugurlaryny kesgitledi. Bu barada rueconomics.ru habar berýär.
Hünärmenleriň pikiriçe, ýalňyzlyga garşy göreşmek üçin tehnologiýalar öser, sebäbi 2020-nji ýylda adamlar koronawirus pandemiýasy we onuň netijesi bolan lokdaun bilen ýüzbe-ýüz boldular.Pandemiýa özüni ýalňyz duýýan adamlaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy.
Bu alada, göwnüçökgünlik ýaly köp sanly saglyk bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirýär. Şonuň üçin kompaniýalar ünsüni ulanyjylara aragatnaşyk ýetmezçiliginden oňaýsyzlygy duýmazlyga kömek etjek ulgamlary ösdürmäge gönükdirerler.Telenor-yň barlag bölüminiň ýolbaşçysy Býorn Taale Sandberg bäşinji nesil torunyň ulanylýan ýurtlarynda aragatnaşygyň golografiki serişdelerinde giňeldilen we wirtual hakykaty ulanmagyň ilkinji nusgalarynyň peýda boljakdygyny aýtdy.
Analitikler şu ýyl özüni ýeke duýýan adamlara kömek üçin çat-botlaryň peýda bolmagyna garaşylýandygyny belleýärler.Indiwidual kömekçiler emeli intellektiň esasynda işlärler we habarlara jogap berip, jaň edip we ýalňyz adama güýmenje hödürläp bilerler.