Ýalçyn Topçu: Dünýä dursun, sen dur Ata Watanym Türkmenistan!

Ýalçyn Topçu: Dünýä dursun, sen dur Ata Watanym Türkmenistan!

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurnalan surat sergisinde Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu çykyş edip: Goý, dünýä dursun, sen dur Ata Watanymyz Türkmenistan diýen buýsançly sözleri dile getirdi.

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurnalan surat sergisine Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Halkara Türk medeniýeti guramasynyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Işanguly Amanlyýew, IÝI partiýasynyň Samsundan deputaty Bedri Ýaşar, AK partiýasynyň Erzurumdan deputaty İbrahim Aýdemir we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Çärede çykyş eden Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu doganlyk ýurdumyz bolan Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 185 agzasy tarapyndan biragyzdan tassyklanandygyny we munuň syýasy we diplomatik üstünlikdigini aýtdy.

Ýalçyn Topçu: Türkiýäniň paýtagty Ankarada doganlyk ýurdumyz Türkmenistanyň bu ähmiýetli gününi medeniýet we sungat çäresi bilen gün tertibine getiren ilçi Amanlyýew Işangula we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Kaseinow Dýusena öz minnetdarlygymy bildirýärin we bu ýerde siziň bilen duşuşýandygyma özümiň örän şatdygymy aýdasym gelýär. diýip belledi.

Ýalçyn Topçu öz çykyşyny: Biz taryhy, dili, dini, medeniýeti we şöhratly geçmişi bir bolan iki doganlyk ýurtdyrys. Biziň syýasat, söwda, ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly möhüm ugurlarda dowam edýän netijeli gatnaşyklarymyzyň esasynda iki döwletiň iki doganlyk halky bolup, bilelikde uly üstünlikleri gazanjakdygymyza ynanýaryn. Goý, dünýä dursun, sen dur ata Watanymyz Türkmenistan! diýen buýsançly sözler bilen tamamlady.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow öz çykyşynda Türkmenistanyň öz milli gymmatlyklaryna ygrarly bir döwletdigini we ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Çärede Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew çykyş edip, 2020-nji ýylyň öz ýurdunda Türkmenistan Bitaraplygyň Watany ýyly diýlip yglan edilendigini we köp sanly milli hem halkara çäreleriniň guralandygyny aýtdy.

Medeniýet we sungat pudagy, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm görnüşi bolany üçin, Türkmenistany halkara arenasynda global progressiw özgerişleriň başlangyç ýurdy hökmünde ykrar etmeklik nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir. diýip bellän Işanguly Amanlyýew öz çykyşynyň ahyrynda Hemişelik Bitaraplygyň türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm faktordygyny aýtdy.

Sergide Türkmenistanyň medeni we tebigy gözelliklerini şekillendirýän ýerli we daşary ýurtly suratçylaryň suratlary görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyryldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKSOÝ-nyň BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
31.01.2018 | Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
04.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi