Ýakyn wagtda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Ahund bilen geçiren duşuşygynda beýan etdi diýip, ORIENT agentligi Pajhwok habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar taslamanyň ýerine ýetirilişini hem-de öň ylalaşylan çäreleriň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.Owgan tarapy taslamany durmuşa geçirmäge ygrarlylygyny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli gurluşygyna ýardam etjek hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine taýýarlygyny tassyklady.
TOPH taslamasy ýylda 33 mlrd kub metr türkmen gazyny eksport etmek üçin 1800 km-den gowrak uzynlygy bolan turba geçirijisini gurmaklygy göz öňünde tutýar.