Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar

Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar

Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bütin Ýakyn Gündogar üçin howply, agressiw syýasatyny we harby hüjümlerini dowam etdirýär.Bir tarapdan Gazada genoside dowam edýan bolsa, beýleki tarapdan Liwanda we Eýranda jana kasdetmeler gurap, hamala diýersiňiz uly uruş turuzmak isleýär.

Eýran we ýaranlary bolsa Ysraýyla garşy uly göwrümli harby gaýtawul görkezmek üçin taýýarlyk görýär.Garaşylşy ýaly uly göwrümli hüjüm guralan halatynda, ol sebitleýin urşy başladyp biler.

Netanýahunyň liderligindäki Ysraýyl Gazada genode dowam edýärkä, sebitleýin meçew bermelerini hem ünsden düşürmeýär.Ysraýyl ilki Hizbullahyň serkerdesi Fuad Şüküri Beýrutda, yz ýanyndan bolsa Tähranda Hamasyň Syýasy býurosunyň ýolbaşçysy İsmail Haniýýany pespäl hüjüm bilen şehit etdi.

Eýranyň Preizdenti Pezeşkianyň wezipä girişme dabarasyna gatnaş üçin Tährana baran Haniýýa, paýtagtyň demirgazygyndaky Saad Abat myhmanhanasynda Ansar al Mehdi toparyna degişli, ýokary howpsuzlyk bilen üpjün edilen Besiž el Zahra binasynda öldürildi.

Eýrana degişli çeşmelere görä hüjüm gysga aralykly raketa bilen guraldy.

Haniýýa Palestina söweşijileriniň syýasy lideridi, ömrüni Palestina meselesine bahşeden esasy adamlardan biridi. Onuň ýogalmagy gynandyryjy hem bolsa, Palestina söweşijileri elbetde göreşini dowam etdirer. Bu ölümler we ýitgiler göreşiň batyrgaýlygyny güýçlendirmekden başga netije bermez.

Ysraýylyň agressiw çemeleşmesi elbetde ABŞ-da Ak Tamdaky güýç boşlugyndan güýç alýar we söweşi sebitleýin häsýetde giňeltme strategiýasyna esaslanýar.Eýrana we ýaranlaryna zor salýan, hamala diýsersiňiz işe girişmekleri üçin gysyş edýän oýun.

Eýran güýçli gaýtawul görkezmese, döwlet abraýynyň gaçmagyna sebäp bolar. Şeýlelikde garşy göçüm etmegi ýokary ähtimallyk bolmagynda galýar.Eýranyň karar kabul ediş organlary we harby resmileri hem Ysraýyla uly göwrümli we güýçli gaýtawulygyň beriljekdigini beýan etdiler.

Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahyň eden soňky çykyşynda birmeňzeş sözler bar. İndi täze bir tapgyra geçilendigini hemmeler bilýär.Elbetde Eýranyň geçmişi, ýokary perdeden retorikalaryň yzyndan hakyky başlangyçlar etmek meselesindäki ikirjiňlenmeleri adamlary “eýsem” diýlen soragy soratýar.

Emma bu gezek Eýranyň we ýaranlarynyň öňünde başga ýol galmandygyny pikir edýärin.Mesele, Eýranyň döwlet abraýyny goramakdan hem aňyry geçip, nyşana bolmakdan diňe hüjüm gurap, güýjüni meýdanda görkezmek arkaly çetde durup biljek derejä çenli gelip ýetdi.

Ýerlerdäki wakalar degişli taýýarlyklaryň görülmeginden soň gysga möhletde söweşjeň taraplaryň ählisiniň utgaşmagynda Ysraýylyň güýçli uruljakdygyny görkezýär. Eýrandan Liwandak Hizbullaha, Yrakdaky we Siriýadaky şaýy söweşijilerden, Ýemende Husilere çenli uzap gidýän sebitden şol bir wagtda raketalar hem-de kamikadze dron hüjümleri bilen Ysraýyl urlup bilner.

Ysraýylyň heme şeýle uly göwrümli hüjüme garşy taýýarlyk görýändigi bilinýär. Esasanda Hizbullahyň raketa we dron hüjümlerine garşy demirgazyk frontunda täze howa goranyş ulgamlary ornaşdyrylyp, gaçybatalgalar gurulýar. ABŞ-nyň ýene-de Ysraýyly goramak hem-de garşy tarapy el çekdirmek maksady bilen sebite harby güýç getirme operasiýasy dowam edýär.

Netanýahunyň maksady ABŞ-ny gönüden urşa goşmak. Emma ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda urşa gaýtadan goşulmagy Ukraina frontunyň ykbalyny gysga möhletde Russiýanyň bähbidine üýtgedip, Hytaýa täze geosyýasy şertler döreder. Öňümizde dürli ssenari bar, emma günsaýyn gözegçilikli harby şertlerden we çaknyşyklardan çykgynsyz çäge tarap barýar. Jyn çüýşeden çykaýsa, yzyny çaklamak iňňän kyn….

Ýene degişli makalalar

Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy