Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär.
Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi.Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Paýtagtymyzyň desgalarynyň ençemesi, şeýle hem dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Munuň özi türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň baş şäherini nobatdaky täze desgalar bezär.
Milli Liderimiziň gol çeken degişli kararlaryna laýyklykda, olaryň taslamasyny düzmek we gurmak Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy—“Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Häzirki wagtda Aşgabat sebitde we bütin dünýäde oňyn hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Munuň özi iri halkara ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmek hem-de daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny şertlendirdi.Daşary ýurtdan gelýän myhmanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.
Geljekki täze desgalaryň hatarynda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy hem-de kaşaň myhmanhana bar.Olar Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlar.Bu täsin desgalar Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüler. Şäheriň şol böleginde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň edara binalary gurlar.
Olar bu ýerde kemala gelýän binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döreder.
Ýene-de bir täze desga, ýurdumyzda bellenip geçilýän döwlet derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak üçin niýetlenen Hökümet münberidir. Ol şäheriň ajaýyp künjeginde, Köpetdag şaýolunyň ugrunda gurlar. Şol ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşi açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän täze şähergurluşyk strategiýasy baradaky gürrüňi dowam edip, durmuş ulgamynyň onuň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny bellemelidiris.Geçen hepdede paýtagtymyzyň Täze zaman ýaşaýyş toplumynda iri desgalar toplumynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ozal habar berlişi ýaly, bu ýerde ähli amatlyklary bolan iki we bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 1 müň 152-si, 600 orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, Saglyk öýi, azyk harytlarynyň dükany ulanmaga berildi.
Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny hemişe gözegçilikde saklamak bilen, öňde goýlan wezipeleri, şol sanda bezeg we ekologiýa meseleleri, desgalara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, zerur bolan durmuş düzümini, inžener-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek wezipelerini çözmäge oýlanyşykly we täzeçil çemeleşmegiň ähmiýetini nygtaýar.
Paýtagtymyzy gurmagyň konsepsiýasynyň, hususan-da, onuň 16-njy nobatdakysynyň esasyny şeýle içgin we toplumlaýyn çemeleşme düzýär.Döwlet Baştutanymyz onuň taslamalary bilen geçen aýda bolan tanyşdyryş dabarasynyň barşynda tanyşdy.
Degişli Baş meýilnamada 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onusyny hem-de 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny gurmak göz öňünde tutulýar.Bu ýokary amatlykly jaýlarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer.
Olar jemi 1008 hojalyga niýetlenendir.
Ýokarda agzalyp geçilen tanyşdyryş çäresiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurmak meýilleşdirilýän iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hem görkezildi. Bu ýerde dört gatly 32 öýli jaýlaryň 35-si, 160 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, köpugurly söwda merkezi gurlar.
Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllaryň dowamynda giň ýaşaýyş jaý maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar.
Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde, kiçi gatly, şol sanda kottej görnüşli jaýlar gurulýar.Raýatlarymyzyň has amatly, şahsy isleglere laýyk gelýän oňaýly jaýlary seçip almak mümkinçiligi has-da artdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýaşaýyş maksatly desgalaryň taslamalary düzülende we gurlanda halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselesine uly ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda onuň düzüminiň üsti 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ýetirer.
Bu desga döwlet Baştutanymyzyň geçen aýyň başynda gol çeken kararyna laýyklykda, Aşgabatda gurlar. Şunuň bilen birlikde, şypahana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şuňa laýyklykda, täze şypahanalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça ägirt uly meýilnamalar amala aşyrylar.
Öz nobatynda, paýtagtymyzda hem-de tutuş Türkmenistanda amala aşyrylýan we meýilleşdirilen gurluşyk işleri milli gurluşyk senagatynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň kuwwatyny artdyrmak, bu ulgama hususy telekeçiligi işjeň çekmek boýunça wezipeleriň çözülmeginiň wajypdygyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.
Ýeri gelende aýtsak Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze işewür toplumynyň dabaraly açylmagy hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde telekeçilik ulgamynyň ornunyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu iri taslama söwda dükanlary bolan üç gatly edara merkezleriniň ýüzlerçesini öz içine alýar. Şol taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileriniň tagallasy bilen amala aşyryldy. TSTB-si bu taslama 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirdi.
Şeýlelikde, geçirilen açylyş dabaralary hem-de geljekki taslamalar döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we döredijilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir, ýurdumyzyň parahatçylyk, abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.