Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär

Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 8-9-njy maýda ýagan güýçli ýagyşlaryň yz ýany, gowaça ekilen meýdanlar gapaklady. Pagtaçy kärendeçiler ýagyşdan soň kesmeklän ýerleri ýumşatmak üçin ýörite tehnikalaryň, kultiwatorlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy maýda sebitden maglumat berdi.

“Şu gün ir bilen arçynlyga bardym we, her ýylyň maý aýynda adat bolan ýagyşlardan soň, gowaça meýdanlarynda emele gelen kesmekleri ýumşatmak üçin, oba hojalyk tehnikalaryny soradym. Arçynlyk traktor ýok, gowaça meýdanlary köp, öz başyňyzy özüňiz çaraň!’ diýip, yzyma ugratdy” diýip, bir çärjewli kärendeçi 10-njy maýda anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Plan borçnamasy esasynda gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlar, şertnamalara laýyklykda, hökümet edaralarynyň özlerini oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmäge borçlanýandygyny, ýöne şeýle borçlaryň berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

“Gowaça meýdanlary biziň şahsy mülkümiz däl, döwletiň ýeri. Ähli kärende ýerleri hökümet tarapyndan tehnikalar bilen üpjün edilmeli. Iki günüň dowamynda ýerlerde gyssagly hatarara bejergi işleri geçirilmese, gowaçalar çüýrär, täzeden ekmeli bolar!” diýip, pagtaçy kärendeçi aýdýar.

Welaýat häkimleri bilen 6-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berilmegine görä, şu günler Lebap welaýatynyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet metbugaty sebitde 8-9-njy maýda ýagan dyngysyz ýagyşlardan ne öň, ne-de soň kärendeçileriň tehnika ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada habar berdi.

Gowaça meýdanlarynda gögeriş suwunyň tutulmagynyň yz ýany geçirilýän hatarara bejergi işlerinde kultiwatorlardan peýdalanylýar. Kultiwatorlar suwaryşdan soňra gapaklan ýerleri ýumşadýar, haşal otlary aýyrýar. Ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmekde hem kultiwatorlardan peýdalanyp bolýar.

Kärendeçiler sebitde dowam edýän tehnika ýetmezçiliginiň ýyllarboýy gaýtalanýandygyny, ýöne muňa garamazdan, ýerli arçynlyklaryň kärendeçileriň ähli zerur tehnikalar bilen üpjün edilendigi barada ýalan hasabatlar bilen çykyş edýändiklerini aýdýarlar.

Döwlet metbugaty 6-njy maýda welaýat häkimleri bilen geçirilen iş maslahatyna salgylanyp, Lebap welaýatynda gowaçanyň ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Mundan ozal, gündogar sebitde aprel aýynyň ortalarynda hem güýçli ýagyş ýagdy. Şonda ýaňy bir ekişi tamamlanan gowaça meýdanlary dyngysyz ýagan ýagyş suwlaryndan ejir çekdi.

Şu ýyl Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda gowaça ekişine girişildi. Resmi habarlara görä, häzirki wagtda sebitlerde gowaçanyň gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi işleri, şol sanda ýekelemek we otag işleri geçirilýär.

Lebapda aprel we maý aýlarynda ýagan güýçli ýagyşlar gowaçanyň gögeriş suwunyň tutulýan döwürlerine gabat geldi. Şeýlelikde, sebitiň gowaça meýdanlarynyň ýagyşlardan soň, gapaklamagy bilen, sebitde tas uçdantutma diýen ýaly tehnika, kultiwator zerurlygy ýüze çykdy.

Oba hojalyk resmileri ýerli kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan tehnika, kultiwator ýetmezçiligi barada düşündiriş bermeýärler.

Döwlet mediasy kärendeçileriň dökün, tehnika ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny agzamaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylar biraz öň bu sebitde kärendeçi daýhanlaryň Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünlerini satyn almaly bolýandygyny habar berdiler.

Şu ýyl Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 3,5 esse töweregi ýokarlandyryldy. Ýöne ýurt boýunça ekilen gowaçanyň umumy meýdany, göz öňünde tutulýan pagta meýilnamasynyň umumy möçberleri aýan edilmedi.

Öňki ýyllarda Türkmenistan boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, 1 million 200 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalýandygy habar berilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar
Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Balkanda dynç alyşdaky býujetçiler ekin meýdanlaryna äkidilýär
Diňle: Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär
Gowaça we bugdaý meýdanlary sil suwlarynyň aşagynda galdy