
7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçilýän gijede Bellator 300 promouşeni geçiriler. Onda türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow polşaly Maseý Rozanskiý bilen güýç synanyşar.
Bellator 300-e nireden tomaşa edip bolar?
Bellatoryň tutluşyklaryny göni ýaýlymda ýetirmek hukugy Showtime-a degişli. Bellator 300 8-nji oktýabr gijesi Aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da başlanar. Şeýle hem tutluşyklara Bellatoryň YouTube-däki resmi kanaly arkaly tomaşa edip bolar.
Tutluşyl ABŞ-nyň San-Diego şäherindäki Pechanga Arena toplumynda geçiriler. Ýagşymyradow ― Rozanski tultuşygynyň daňdan 06:00-da başlanmagyna garaşylýar.