
Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek PFL 2 turniriniň çäginde sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen tutluşar.
Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky söweşini 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Bellator 300 turniriniň çäginde Maseý Rozanski bilen geçirip, eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiş gazanypdy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 21 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.
Jeýkob Nedo bolsa soňky gezek 2023-nji ýylyň dekabrynda PFL turnirinde Simeone Pauel bilen söweşip, 2-nji raundda garşydaşyny tehniki nokauda sezewar edipdi. Onuň hasabynda 8 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.