Ýagşymyradow: Anderson bilen tutluşygyň nähili geçjekdigi barada öňünden hiç zat aýdyp bilmerin

Ýagşymyradow: Anderson bilen tutluşygyň nähili geçjekdigi barada öňünden hiç zat aýdyp bilmerin

Bellator 257 ýaryşynda amerikaly Kori Anderson bilen boljak tutluşykdan öň ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow öz söweş uslyby barada gürrüň berdi.

Meniň söweş usulym nähili?Dogrymy aýtsam, käwagt özüme özüm hem düşünemok.Gysgaça aýdylmaly bolsa, düşnüksiz usul diýip bilerin.Esasan, tutluşykda garşydaşyma görä bolmagy saýlap alýaryn.Garşydaşym bilen güýjüm näderejede deňeçer?

Tutluşygyň nähili geçjekdigini öňünden aýdyp bilmerin. Ýöne men gele-gelmäne özümiň güýçli we meşhur pälwanlaryň arasyna oklanandygymy pikir edemok.Hawa, bu ýerde hemmeler meşhur.Olaryň mahabatam ýetik. Ýöne biz hem bu ýerlere aňsatlyk bilen gelmedik.

Men öňem ýönekeý liganyň wekili däldim.Hemme zat gowy bolar diýip umyt edýärin. Ýaryşa gatnaşýanlaryň haýsyna garşydaş bolmak islärdim?Bilmedim, ýöne Romeronyň uslybyny halaýaryn.Men oňa hormat goýýaryn. Ähtimal şonuň bilen tutluşmagy islärdim diýip, Championat türkmenistanly pälwanyň aýdanlaryny getirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Döwletjan Ýagşymuradow Bellator 292-de Žulius Englikas bilen duşuşar
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ornuny ýokarlandyrdy
Karwalýony ýeňen Ýagşymyradowyň näçe girdeji gazanandygy belli boldy
Ýagşymyradowyň “Bellator”-daky ilkinji ýeňşi
Nemkow we Anderson Bellatoryň tituly üçin gaýtadan güýç synanyşarlar