Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy

Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkowyň doglan gününe 31-nji martda 110 ýyl bolýar.Ol 1914-nji ýylda, häzirki Görogly, ozalky Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda dünýä inýär we 1929-njy ýyldan 1979-njy ýylyň 7-nji martyna çenli, 64 ýaşynda aradan çykýança esasan ýazyjylyk, ilki goşgy, soň kyssa eserlerini döretmek bilen meşgullanýar.

Döwürdeşleri onuň galamdaşlarynyň arasynda 'birleşdiriji' intellektual hökmünde ýatlanylýandygyny aýdýarlar.

Ene-atadan ir galyp, ilki inertnatda okan, soň Daşoguzdaky mugallymçylyk mekdebini, häzir öz adyny göterýän orta hünär mekdebini tamamlan geljekki ýazyjy zähmet ýoluna mugallymçylykdan başlaýar; 1937-nji ýylda Aşgabada gelip, "Ýaş kommunist” gazetinde, “Sowet edebiýaty” žurnalynda işleýär, “Mydam taýýar”, “Edebiýat we sungat” gazetlerine, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesine, “Sowet edebiýaty” žurnalyna ýolbaşçylyk edýär.

Beki Seýtäkow esasan üç kitapdan ybarat "Doganlar“ romany bilen meşhur bolýar, ol bu eseri üçin Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Bu trilogiýanyň üçünji kitaby, "Bedirkent" romany 1972-nji ýylda okyjylara ýetirildi. Ýazyjy ömrüniň soňky ýyllarynda "Perwana" (1978) we "Tylla, seniň yşkyňda" (1980) ýaly soňky eserlerini ýazyp, okyjylara ýetirmäge ýetişdi.

Beki Seýtäkowyň ilkinji goşgular ýygyndysy 1938-nji ýylda çap edilýär, emma ol, ençeme goşgular kitabyny çap etdirendigine garamazdan, esasan, belli kyssaçy hökmünde tanalýar.

Beki Seýtäkowyň doglan, bilim alan we işlän ýyllaryň durşuna sowet döwrüne gabat geldi we, edebiýatçylar onuň öz döwrüniň ýazyjysy bolandygyny, sowet ideologiýasynyň we talaplarynyň ol döwürde her bir döredilen esere öz täsirini ýetirendigini aýdýarlar, ýöne bu döwrüň ýazgylarynyň eserleri türkmen halkynyň arasynda kitap okamak medeniýetiniň ösmeginde örän uly rol oýnady diýip, Pragada ýaşaýan ýazyjy Hudaýberdi Hally Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Sagat wagty görkezer, wagt adamy" diýlişi ýaly, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýazyjy Beki Seýtäkowyň häzir ony tanan adamlaryň arasynda gowy adamkärçilik sypatlary bilen ýatlanylýandygyny aýtdy.

"Beki aga gülkä gülmegi, degişmegi başarýan adamdy, gepde basylsa, mert boýun alardy, kine saklap, ar aljak bolup, gybat edip ýörmezdi. Indi görüp otursak, ol 1990-njy ýyllarda Ýazyjylar birleşigine, edebi neşirlere ýolbaşçy bolan ýazyjylardan tapawutlyklykda, bölüji däl-de, birleşdiriji adam eken. Soňkular öz dar bähbitlerine çapyp, Ýazyjylar birleşiginiň ýapylmagyna sebäp boldular“ diýip, aşgabatly ýazyjy Azatlyga aýtdy.

Onuň pikiriçe, Beki Seýtäkowyň 1958-nji ýylda çap edilen “Gyz salgydy” powesti şu günki gün hem ähmiýetini ýitirenok we, bu eser seni, eger halk öz mertebesini, çagalaryny gorap bilmese, azan hökümdarlaryň nähili derejelere baryp ýetip bilýändigi barada oýlanmaga mejbur edýär.

Ýerli han-begleriň geçmişde halka salan mal, pul salgytlaryndan başga, maşgalanyň namysyna göz dikip, gyz salgydyny hem salmagy, bir tarapdan "diňe geçmişde bolan zat, bize o diýen degişli däl".

"Ýöne, şu günki durmuşa, barha ulalýan deňsizlige siňe seretseň, garyp düşýän maşgalalaryň gyz-gelinleriniň düşýän agyr ýagdaýlary taryhda bolan zatlaryň başdarak görnüşde gaýtalanýandygyny yşarat edýär, 'gyz salgydy' diňe geçmiş däl" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýazyjy aýtdy.

Azatlyk ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen telefonda gürleşip, ondan Beki Seýtäkowyň adamkärçiligi, yzdan gelýän edebi nesilleriň wekilleri bilen gatnaşygy barada gürrüň bermegini sorady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Malaý edebiýaty
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Bilimli ýaşlar ýurdumyzyň geljegi
H.Hally: Beki Seýtäkow hakykatdan birleşdiriji adam boldy
Dalaşgär 2024/magistr: Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty