Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU himiýadan halkara internet olimpiadasyny geçirdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU himiýadan halkara internet olimpiadasyny geçirdi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Himiýa dersi boýunça talyplaryň halkara internet olimpiadasy geçirildi.Olimpiada Russiýa Federasiýasyndan, Angliýadan, Awstriýadan, Wengriýadan, Belarus Respublikasyndan, Hytaý, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýe Respublikasyndan, Rumyniýadan hem-de Türkmenistandan jemi 51 ýokary okuw mekdebinden 300-e golaý talyp gatnaşdy.

Gatnaşan ýurtlaryň geografiýasy 15 sany döwleti we birnäçe sagat zolagyny jemledi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň Turkmenportal web saýtymyza habar bermegine görä, olimpiada daşary ýurtlardan 200-e golaý talyp gatnaşdy. Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Oksford uniwersiteti, Petronas Tehnologiýa Uniwersiteti ýaly abraýly we halkara derejesinde ykrar edilen, şeýle hem öz ýurtlarynyň reýting sanawynda lider bolup ykrar edilen ýokary okuw mekdepler bar.

Olimpiada iki dereje boýunça geçirildi: A dereje - himiýa we himiýa tehnologiýasy ugrunda okaýan talyplar we B dereje - beýleki ugurlarda we hünärlerde okaýan talyplar üçin.

A dereje boýunça 13 ýurtdan 35 sany Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.

Netijede, A derejesi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 18 baýrakly orunlara mynasyp boldular, olardan 6-sy birinji, 9 sanysy ikinji we 3 sanysy 3-nji orun.

Şeýle hem bu derejede Russiýa Federasiýasyndan (17 baýrakly orun), Angliýadan (2 baýrakly orun), Wengriýadan (1 baýrakly orun), Koreýa Respublikasyndan (4 baýrakly orun), Hytaý Halk Respublikasyndan (1 baýrakly orun), Täjigistandan (4 baýrakly orun) talyplar ýeňiji boldy.

Netijede, olimpiadanyň B derejesi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 42 baýrakly orunlara mynasyp boldular, olardan 10 sany birinji, 13 sany ikinji we 19 sany üçünji orunlar.

Şeýle hem bu derejede Russiýa Federasiýasyndan (10 baýrakly orun), Belarus Respublikasyndan (2 baýrakly orun), Hytaý Halk Respublikasyndan (2 baýrakly orun), Gazagystandan (1 baýrakly orun), Gyrgyzystandan (1 baýrakly orun), Malaýziýadan (2 baýrakly orun), Rumyniýadan (1 baýrakly orun), Özbegistandan (1 baýrakly orun) talyplar ýeňiji boldy.

Himiýa dersi boýunça talyplaryň halkara internet olimpiadasy bu ugurda halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşikleriň ähli tehniki we kada düzgünlerine laýyklykda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar
Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar
Bilim beýik geljegiň binýady
Magtymguly Pyragy dünýä gymmatlygy
Nebitgaz pudagynyň halkara forumy