Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary

Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary hakynda söhbet etmekçi.

Günüň dowamynda iýýän iýmitlerimiz, içýänlerimiz gönüden beýnimiziň işleýiş depginine we onuň netijeliligine täsir ýetirýär. Esasanda maglumat ammarymyz bolan ýadymyzyň güýçlenmegine hem täsiri bar. Azyk ýetmezçiligi we onuň hiliniň pesligi, beýniniň funksiýalarynda kemçilikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Ýady güýçlendirýän tebigy tekliplerimiz şulardan ybarat;

Omega-3

Gyzylbalyk, forel, skumbriýa ýaly omega-3 ýag mukdary ýokary bolan balyklary sarp etmek maslahat berilýär. Sebäbi omega-3 ýagy alsgeýmer hassalyk howpuny azaldýar, ýadyň goralmagyny üpjün edýär, beýniniň sagdyn işlemegine peýdalydyr we ýürek urşuny kadalaşdyrýar. Serotonin gormonyny işläp çykardýan omega-3 ýagy adamyň özüni gowy duýmagyny üpjün edýär.

Ýaşyl ýaprakly gök önümler

Kelem, ysmanak we brokoli ýaly ýaprakly ösümlikler beýniniň sagdynlygy taýdan peýdalydyr.

Pomdor

Antioksident taýdan düzümi baý bolan pomidor ýadyň güýçlenmegine peýdaly azyklardan biridir.

Hoz, funduk we pisse

Belok we peýdaly ýaglar taýdan düzümi baý, ýürek we beýni üçin peýdalydyr. Emma pissäniň allergiki özbolyşlygy hem-de ýokary kaloriýalydygyny ýatdan çykarmaň. Şol sebäpli günde 15-20 sanydan köp iýmek maslahat berilmeýär.

Kädi çigidi

Iňňän peýdaly iýmişlerden biri bolan kädi çigidiniň düzüminde magnezi, demir, sink we mis ýokary mukdarda bar. Sink ýetmezliginiň alsgeýmer we depressiýa ýaly biynjalyklyklara sebäp bolýandygy bilinýär.

Dalçyn

Zehiniňizi açyp, konsentrasiýaňyzy artdyrýan dalçyn, ýady hem güýçlendirýär.

Ýumurtga

Zehiniňizi güýçlendirmek üçin her gün bir ýumurtga iýmek maslahat berilýär.

Miweler

Hepdede iki ýa-da ondan köp ýer tudanasyny sarp etmek ýadyň peselmeginiň öňüni alýar.

Galla önümleri

Bu topara düzüminde witamin ýokary bolan galla önümleri beýniniň saglygyny goramak we ýady güýçlendirmek üçin peýdalydyr.

Gök çaý

Holesterin we gomosisteini azaldyp, beýniniň funksiýasynyň goralmagyny üpjün edýär.

Kepekli azyklar

Beýniniň funksiýalarynyň energiýa taýdan baý bolan kepekli önümler, ünsliligi güýçlendirýär. Şol bir wagtda-da gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar.

Gatyk

Düzüminde kalsiýniň mukdary ýokary bolan gatyk ýady güýçlendirýär. Gatyk ýa-da beýleki süýt önümleri günde 2 porsiýa sarp edilmeli.

B witaminleri

Esasanda B6 we B12 witaminleriniň sarp edilmegi ysmaz, huşsuzlyk, alsgeýmer hassalygyna sezewar bolma howpuny azaldýar. B witaminleri taýdan baý bolan towuk, balyk, ýumurtga we ýaşyl ýaprakly önümleri sarp etmek möhüm.

Kofe

Kafein, beýniniň funksiýalarynyň ýokary performansda işlemegini üpjün edýär. Ýadyňyzy işjeňleşdirýär we güýçlendirýär. Günde iki çaşka kofe içmek maslahat berilýär. Emma kofäni artykmaç sarp etmek zyýanlydyr.

Pomidor

Pomidor, bedendäki öýjükleriň tazeleniş depginini ýokarlandyrýar we ýady güýçlendirýär. Alsgeýmer hassalygynyň we irki ýaşlarda huşsuzlygyň öňüni alýar.

Brokoli

Nerw ulgamynyň çeýeligini üpjün edýär, reflekslerinizi güýçlendirýär, beýniniň kämilleşmegi üçin peýdalydyr. Aýratynam bedendäki toksinleriň zyňylymyny çaltlandyýar.

Sport we maşk

Sport bilen meşgullanmak, ýöriş etmek ýa-da ylgamak hem beýniniň funksiýasyny güýçlendirýär.

Spor we egzersiz

Ýene degişli makalalar

Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Göz basynjynda tebigy bejergi usullary
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar