Ýadro Ýaraglary Diýseň Howply

Ýadro Ýaraglary Diýseň Howply

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, ýadro ýaraglarynyň howpludygy barada duýduryş berdi.

Antoniu Guterreş, ABŞ-nyň Hiroşima we Nagazakiýe atom bombasyny atmagynyň 79-njy ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Ýadro ýaraglarynyň we olary ulanmak howpunyň diňe taryhy kitaplar bilen çäkli bolmandygyny ýatladan Guterreş, şol ýaraglaryň ýene-de bir gezek halkara jemgyýetçiliginin gün tertibinde esasy rol oýnaýandygyny belledi.

Ýadro ýaraglarynyň howplydygy barada duýduryş beren Guterreş, şol ýaraglary ulanmagyň netijeleriniň agyr boljakdygyny nygtady.

Berlen duýduryşlara garamazdan käbir ýurtlaryň ýadro ýaraglaryny ulanmak bilen hemle atýandygyna ünsi çeken Guterreş, halkara jemgyýetçiliginiň kabul edilmesiz bu tutumy berk ýazgarmalydygyny belledi.

ABŞ, 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hiroşima, 9-njy awgustda hem Nagazakiýe atam atom bombalary bilen 210 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, BMG-nyň Howa Çalşygy Sammitine Gatnaşýar
BMG, TUSAŞA Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Emine Erdogan BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Duşuşar
BMG Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi
Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
BMG, Ysraýylyň Ýemene Guran Hüjümine Alada Bildirýär