Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?

Ýadro energiýasy esasanam tebigy energiýa serişdeleri çäkli ýurtlar üçin uly ähmiýete eýedir. Soňky Russiýa-Ukraina söweşi bu ýagdaýy açyk aýdyň görkezdi. Dünýäniň ençeme ýurdy ýapmaga taýarlyk gören ýadro elektrik desgalarynyň möhletini uzaltdylar.

Energiýa howpsuzlygyny bu ýol bilen üpjün etmegi makul bildiler.

EI. Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ýadro güýjüň energiýanyň howpsuzlygyna täsiriniň üstünde durup geçmek isleýäris.

Türkiyäniň, ýadro tehnologiýasy bolan ýurtlaryň hataryna goşulmagyna sanalgyja günler galdy. Akkuýu atom elektrik bekediniň ilkinji reaktorynyň oktýabr aýynda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

Desga gurluşyk işleri tamamlananyndan soň, 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde ýangyç sterženleriň getirilmegi bilen ýadro desgasy aýratynlygyna eýe boldy.

Desga 1200 megawatt kuwwatly 4 reaktordan ybarat. Akkuýu atom elektrik bekediniň 2026-njy ylda dolulygyna işläp başlamagy meýilleşdirilýär.

Elektrik bekedi doly işe başlanda her ýylda takmynan 35 milliard kilowat sagat elektrik öndürip biler. Akkuýu atom elektrik bekedi Türkiyäniň energiýa sarp edilşiniň 10 göterimini ýeke başyna üpjün eder.

Emma Akkuýu atom elektrik bekedi ilkinji bolsada, ýeke täk atom elektrik bekedi bolmaz. Gysga wagtyň içinde biri Sinop welaýatynda, beýlekisi Trakýa welaýatynda bolmak bilen ýene-de 2 atom elektrik bekediniň düýpleriniň tutulmagy meýilleşdirilýär.

Atom elektrik stansiýalary parnik gazlaryny çykarmaýar. Şol sebäpli dünýäde ýadro reaktorlarynyň sanyny köpeltmek arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny ýylda 17 göterim azaltmak meýilleşdirilýär.

Atom elektrik beketleriniň gurluşyk işleri 1970-nji ýyllaryň başyndaky nebit krizisi bilen birlikde tizleşdi.

Nebit we beýleki uglewodorod serişdeleri bolmadyk ýurtlar bu çeşmelere garaşlylygyny azaltmak we energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýadro desgalaryna ugrukdylar.

Häzirki wagtda dünýäniň 32 ýurdunda 441 sany atom elektrik reaktory bar, dünýäniň 17 ýurdunda bolsa 53 sany ýadro reaktorlarynyň gurluşygy dowam edýär. Ýadro desgalarynda öndürilen elektrik tok zerurlygynyň takmynan 10 göterimine barabardyr.

Fransiýa elektrik toktogunyň takmynan 70 göterimini, Ukraina takmynan 51 göterimini, Şwesiýa takmynan 30 göterimini, Belgiýa takmynan 40 göterimini, Ýewropa Bileleşigi takmynan 26 göterimini, Günorta Koreýa takmynan 30 göterimini we ABŞ takmynan 20 göterimini ýadro energiýadan alýar.

Dünýäde gurlan elektrik desgalaryna seredenimizde, ABŞ 100 müň MWt ýakyn işjeň ýadro güýji bilen bilen öňde barýan bolsa, ABŞ-dan soň Fransiýa, Hytaý, Ýaponiýa we Russiýa döwletleri bar.

Adam başyna düşýän ýadro desgasynyň kuwwatynda bolsa her bir raýatyna 941 watt düşýän Fransiýa lider ýagdaýda bolýan bolsa, Fransiýadan soň 853 watt bilen Şwesiýa sanawyň 2-nji ornunda.

Ýadro güýç ulanylşynda lider ýagdaýdaky ýurtlarda näçe sany reaktor bar? Näçe mukdarda elektrik tok öndürilýär?

ABŞ

ABŞ ýadro energiýasy boýunça sanawyň ilkinji ornundadyr. Ýurtda 92 sany işjeň reaktor, elektrok toguň 20 göterimini üpjün edýär.

ABŞ-da häzirki wagtda 2 reaktoryň gurluşygy dowam edýär.

Ýurt intensiw modully ýadro reaktorlaryny we maýa goýumlaryny amala aşyrýar.

Soňky wagtalarda ýurduň köne ýylylyk elektrik stansiýalarynyň ýerine ýadro desgalaryny gurmak boýunça işler we barlaglar geçirilýär.

Fransiýa

Fransiýa elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 70 göterimini ýurtdaky 56 ýadro reaktoryndan alýar. Fransuz energiýa kompaniýasy EDF gyş aýlarynda has köp reaktoryň işjeň ýagdaýa gelmegi üçin tehniki hyzmat işlerini tizleşdirdi.

Prezident Emmanuel Makron, zyňyndy ýangyçlara bolan garaşlylykdan çykmak üçin 14 sany täze ýadro reaktoryny gurmak meýilnamasyny aýan etdi.

Şeýle hem ýurtda kiçi modully ýadro reaktory tehnologiýalaryna maýa goýmak barada karar kabul edildi.

Hytaý

Hytaý elektrik energiýasynyň 5 göterimini 54 işjeň ýadro reaktoryndan üpjün edýär.

Häzirki wagtda ýurtda 22 reaktor gurulýar. Hytaýda meýilnamalary tassyklanan ýene-de 38 reaktor bar.

Hytaý 2025-nji ýyla çenli her ýyl 6-8 sany ýadro reaktor gurmagy we 2030-njy ýyla çenli dünýäde bu ugurda iň kuwwatly ýurda öwrülmegi maksat edinýär.

Aprel aýynda 6 sany täze reaktoryň gurulmagyny tassyklan Hytaý bu hepde bolsa 2 ýadro desgasyna 4 sany täze reaktoryň gurulmagyny tassyklady.

Germaniýa

Germaniýa ýadro elektrik stansiýalaryny ulanmagy bes etmegi meýilleşdirýärdi.

Emma Russiýanyň Ukrainada başladan uruşyndan soň, hökümet Russiýadan gaz üpjünçiliginiň kesilmeginiň ähtimallygyna garşy taýarlyk görüp başlady.

Geçen ýyl ýurt 6 sany ýadro reaktoryndan elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 12 göterimini üpjün etdi.

Germaniýa şu gyşda elektrik öndürmekde ýüze çykyp biljek näsazlyklary ortadan aýyrmak üçin gyssagly çäreler gördi.

Şol çäkde ýurt Bawariýada Isar 2 we Baden-Württembergde Neckarwestheim 2 ýadro elektrik desgasyny ätiýaçda saklamak barada karara geldi.

Bu elektrik stansiýalary 2023-nji ýylyň aprel aýynyň ortalaryna çenli gyssagly ätiýaçlyk hökmünde saklanar.

Beýik Britaniýa

Ýurtda 9 ýadro reaktory işleýär. Bu reaktorlar Beýik Britaniýanyň elektrik energiýasynyň 15 göterimini üpjün edýär.

Energetika krizisi bilen Beýik Britaniýa 30 milliard funt sterling möçberinde ýadro desgasynyň taslamasyny tassyklady.

Belgiýa

Ýurduň 2 ýadro elektrik stansiýasynda 7 reaktor işleýär. Ýadro reaktorlary tarapyndan öndürilýän elektrik energiýasy ýurduň zerurlyklarynyň takmynan ýarysyny kanagatlandyrýar.

Energetika krizisi sebäpli 2025-nji ýylda ýapylmagy meýilleşdirilýän Belgiýadaky 2 atom elektrik bekediniň iş möhleti 10 ýyl uzaldyldy.

Gollandiýa

Häzirki wagtda 1 reaktory bolan Gollandiýa 2 sany täze ýadro reaktora maýa goýumlaryny meýilleşdirip başlady.

Polşa

Ýurt 6 reaktory meýilleşdirmek bilen kiçi göwrümli ýadro reaktor maýa goýumlary boýunça derňew işlerine başlady.

Hindistan

Hindistanda 22 sany ýadro reaktory bar. Ýadro ýurduň elektrik energiýasynyň 3 göterimini üpjün edýär. Ýurtda 8 reaktoryň gurluşygy dowam edýär. Hindistan öňümizdäki 10 ýylda elektrik energiýasyny ýadro energiýasyndan üç esse artdyrmak isleýär. 12 sany täze reaktor gurmagy meýilleşdirýär.

Ýaponiýa

Ýaponiýada häzirki wagtda 33 sany ýadro reaktory bar. Ýurtda 7 işjeň reaktordan başga-da 9 reaktory işjeňleşdirmek barada karara gelindi. Şeýlelikde, ýurt elektrik energiýasynyň 10 göterimini ýadro energiýasyndan üpjün eder.

Günorta Koreýa

Günorta Koreýada elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 28 göterimi ýadro desgalary tarapyndan üpjün edilýär. Ýurtda 25 işjeň reaktor bar bolsa, 3 reaktor gurulýar. Ýurt 2030-njy ýyla çenli 10 sany ýadro desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelik bilen elektrik energiýasyny öndürmekde ýadro paýy 30 göterime çenli ýokarlanar.

Nebite we tebigy gaza baý ýurtlar hem elektrik öndürmek üçin ýadro energiýasyny ulanýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 54 ýadro reaktorynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda reaktorlarynyň 11-si Hytaýda, 7-si Hindistanda we 4-si Russiýada. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinde 4, Günorta Koreýada 4, ABŞ-da 2 we Fransiýada 1 ýadro gurulýar.

Mahmut Gürer. TRT Habar kanalynyň redaktory.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Ukraina Bardy
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Asla Ýol Bermeris”
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli
Altyn Ýunus Täze ýyl sowgatlary üçin konditer önümlerini hödürleýär