Gazagystanda Ýabany atlaryň gaýdyp gelmegi diýen maksatnamanyň çäklerinde soňky 200 ýylda ilkinji gezek ýerli sähralyklara Pržewalskiniň ýabany gylýallary goýberildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň hökümetiniň resmi portalyna (GOV.KZ) salgylanýan Gazeta.ru habar berdi. Ýabany gylýallar ýurduň demirgazygyndaky Kostanaý oblastynyň Altyn Dala goraghanasyna getirildi.
Pržewalskiniň atlary bu haýwanlaryň ýeke-täk ýabany görnüşi bolmak bilen, Çehiýanyň Praga haýwanat bagyndan getirildi. Taslamanyň tutuş dowamynda Gazagystanyň sähralyklaryna olaryň bäş ýylyň dowamynda 40 sanysyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşyjylar ýabany atlaryň tebigatyň biodürlüligini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigini aýdýarlar.
Gazagystan adamyň atlary ilkinji eldekileşdiren ýerleriniň biri hasaplanýar, bu ýerde atlar mundan 5,5 müň ýyl, Ýewropada atlaryň eldekileşdirilmeginden 2 müňe golaý ýyl öň eldekileşdirilipdir.
Öň alymlar adamlaryň at münüp başlamagy bilen, syýahatçylygyň we söwdanyň ösüp ugrandygyny anykladylar.