Xiaomi üýtgeşik ekranly smartfony hödürledi

Xiaomi üýtgeşik ekranly smartfony hödürledi

Xiaomi kompaniýasynyň baş müdiri Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda rewolýusion smartfony görkezýän birinji wideony ýerleşdirdi. Bu barada mymsk.online habar berýär.

Smartfonda ähli tarapdan 88° burç bilen egrelen dört egremli ilkinji şaglawuk ekrany ulanylýar.Smartfonuň ekrany diňe gapdal gyralara däl, eýsem ýokary, we aşak tarapa hem egrelýär. Şeýlelikde, displeý frontal üstüň meýdanynyň 100 göterimini, şeýle-de gapdal gyralarynyň we uçlarynyň ep-esli bölegini tutýar.

Gapdal seksiýalar haýsydyr bir duýduryşlary, programmalaryň nyşanlaryny, peýdaly maglumaty we beýlekileri görkezip bilýär.Gurluş Quad Curved Waterfall Display Concept Smartphone adyny göterýär.Bu smartfonuň ýakmak we sesi sazlamak düwmeleri, şeýle-de zarýad beriş üçin porty ýok.

Smartfon çalt simsiz zarýad beriş tehnologiýasyny we başga-da birnäçe tehnologiýany göterýär.Smartfonuň yzky panelinde üýtgeşik kamera bar.Onuň ýokarky inedördül blogunda bir şekil datçigi we uly yşyk diodly çyra ýerleşen, aşagynda ýene bir inedördül meýdan bar.

Häzirlikçe Xiaomi smartfonuň çykjak senesini we bahasyny mälim edenok.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady
Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Uklamazdan öň telefon ulanmagyň zyýanlydygy baradaky pikir ýalana çykaryldy