Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär

Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär

Abraýly insaýder Ice Universe Xiaomi 13-iň ekranynyň aşakky çarçuwasynyň beýleki smartfonlaryňkydan inçeljekdigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru salgylanýan Trendiň ýazyşy ýaly, ýekşenbe güni MyDrivers habar berdi.

Insaýderiň sözlerine görä, öňdebaryjy smartfon bolan Xiaomi 13 aşakky çarçuwasynyň ýogynlygy boýunça rekord goýýar, ulanyjylar ony "eňek" diýip hem atlandyrýarlar.Tutuş ekranyň çarçuwasynyň simmetriki boljagyny-bolmajagyny Ice Universe habar bermeýär.

Xiaomi 13 diagonaly 6,36 dýumlyk we şekil täzeleniş tizligi 120 Gs-i göterýän OLED-displeýe eýe bolar diýip çaklanylýar. Öňünden gulaga ilýän habarlara görä, Xiaomi 13 we 13 Pro smartfonlary öňdebaryjy Snapdragon 8 Gen2 çipsetine eýe bolar we hytaý kompaniýasynyň MIUI 14-iň firmadan çykma daş görnüşini alan, Android 13-iň esasynda işleýän birinji gurluşy bolarlar.

Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyşy, myş-myşlara görä, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli bolmaly.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi
“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi