Xiaomi täze enjamlarynyň bütin dünýä tanyşdyryljak senesini yglan etdi

Xiaomi täze enjamlarynyň bütin dünýä tanyşdyryljak senesini yglan etdi

Ýakynda Xiaomi Hytaýda “Mi Mix 4” smartfonynyň, robot-itiň we beýleki enjamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Indi bolsa kompaniýa täze önümlerini bütin dünýä tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu tanyşdyryşyň geçiriljek senesi belli boldy diýip, ferra.ru habar berýär.

Netijede, Xiaomi özüniň täze enjamlaryny 15-nji sentýabrda bütin dünýä tanyşdyrar. Tanyşdyryş Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da YouTube-da, Twitter-de we Facebook-da görkeziler. Xiaomi özüniň iň täsin täze önümlerini hödürlemegi wada berýär.

Tanyşdyryşda, esasan, ekranasty kameraly “Mi Mix 4” smartfonynynyň hem-de “Pad 5” planşetiniň görkezilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, çalt 120 Wt zarýad alýan "Mi 11T" tapgyrynyň hem görkezilmegi mümkin diýen myş-myşlar bar. Robot-itiň görkezilip-görkezilmejegi bolsa entek belli däl.

Şeýle-de bolsa, Xiaomi-niň düýbünden täze enjamlary hödürlemegi-de mümkin diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady
Aýyjyk Paddington Britaniýanyň resmi pasportyny aldy
Tennis oýnaýan robot
Türkmenistanda VPN-ler ýene petiklenip başlandy, Internetiň tizligi haýallaýar
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
MHM wirtual şahsy tor göreşini güýçlendirýär, VPN ussalary administratiw temmilere sezewar edilýär