Xiaomi sesi diňleýjiniň äňinden eşitdirýän gulaklyk öndürdi

Xiaomi sesi diňleýjiniň äňinden eşitdirýän gulaklyk öndürdi

Xiaomi kompaniýasy Bone Conduction diýen at bilen sesleri äň süňküniň üstünden eşitdirýän gulaklygy satuwa çykardy diýip, Gizmochina portalyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Täze önümiň aýratynlygy, ol ses yrgyldylaryny kelleçanagyň süňkünden geçirýän tehnologiýa eýedir, şundan gulaklarynyň ýapylmaýandygy üçin diňleýji daş-töweregindäki sesleri hem eşidip biler, bu bolsa köçede ýa-da jemgyýetçilik ulagynda howpsuzlygy üpjün eder.

Xiaomi Bone Conduction gulaklygy IP66 ölçegi boýunça çygdan we tozandan goralandyr, ony beýleki gajetlere dakmak üçin Bluetooth 5.2 ulgamyny ulanyp bolýar. Önümçilikçi önümiň özbaşdak 12 sagatlap işläp biljekdigini wada berýär. Bäş minutlyk güýç berlenden soňra enjamda iki sagatlap saz diňläp bolýar. Enjamyň bahasy 96 dollara deň, ol häzirlikçe diňe Hytaýda satuwa çykarylýar.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň reňki saýlandy
Kim, haçan oýlap tapdy?
MTV Ýewropada 4 baýrak aldy
Sony plastik çüýşelerden ýasalan simsiz gulaklyk bilen tanyşdyrdy
Kosmosdan internet üpjün eder
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi