Xiaomi Redmi 10 smartfonuny resmi taýdan hödürledi

Xiaomi Redmi 10 smartfonuny resmi taýdan hödürledi

Xiaomi hytaý kompaniýasy Redmi 10 smartfonunyň global tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu iň täze MediaTek Helio G88 bir kristally ulgamda döredilen dünýädäki ilkinji gurluşdyr diýip, superplanshet.ru habar berýär.

Model Full HD+ standart durulygyny we 45-den 90 Gs-e çenli täzelenme ýygylygyny üpjün edýän 6,5 dýuým displeý bilen üpjün edildi. Ekranyň ýokarky böleginiň merkezinde 8 MP datçikli selfi kamerasy üçin niýetlenen deşik bar.

Arka tarapynda Xiaomi Mi 10 Ultra bilen Redmi Note 10 Pro 5G-niň kameralaryny ýada salýan dizaýn bilen dört kamera ýerleşdirildi. Onda 50 MP esasy modul, 8 MP giň burçly modul, 2 MP makromodul we 2 MP sensor bar.

Gurluşyň ýat arsenaly 4 GB/6 GB operatiw ýady we 64 GB/128 GB içerki fleş-ýady öz içine alýar. Smartfona MIUI 12.5 ulanyjy interfeýsi bilen Android 11 operasion sistemasy gurnaldy.

Energiýa üpjünçiligine 22,5 Wt çalt simli zarýadlanmany we 9 Wt rewersiw zarýadlanmany göterýän 5000 mA/s sygymly batareýa jogap berýär. Enjamyň agramy 161,95 x 75,53 x 8,92 mm ölçegde 181 gramdyr.

Korpus üç reňk görnüşine eýe: Carbon Gray, Pebble White we Sea Blue. Täze önümiň açyk satuwy 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda başlar.

Ýene degişli makalalar

Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Ýan kompýuter üçin 4K kamera
Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi