Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar

Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar

Xiaomi 12T Pro ady bilen uly bazara çykjak Redmi K50S smartfony kompaniýanyň hatarynda ilkinji bolup 200-megapiksellik kamerany alar.

Bu barada diýseň ygtybarly insaýder Digital Cat Station habar berýär.Ol öz wagtynda Redmi K30-yň, K40-yň, K50-niň, şeýle hem Xiaomi Mi 10-nyň, Mi 11-iň we Xiaomi 12-niň häsiýetnamasyny we haçan çykjagyny takyk habar beripdi.

Ol täze smartfonyň SoC Snapdragon 8 Plus Gen 1, 120 gerslik ekran we sygymy 5000mA/s bolan akkumulýator bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.Kamera hakyndaky maglumatlary hasap etmäniňde-de, ähli beýleki parametrler smartfona öň hem birnäçe gezek goşulypdy. Şonuň ýaly-da, Xiaomi 12T Pro-nyň 200-megapiksellik datçiginiň bardygyny nygtap birnäçe gün mundan owal başga bir çeşme hem ýazdy, diýmek, şeýle görnüşiň çykjakdygyna ynam ýokarlandy.

Mundan hem başga, bu maglumatlar görnüşleriň ikisiniň-de, ýagny Redmi K50S Pro-nyň hem, Xiaomi 12 T Pro-nyň hem 200 megapiksellik kamerasynyň boljakdygyny aňladýar, diýmek ikisi hem birmeňzeş bolar.

Xiaomi şular ýaly, ýöne kamerasy başga apparatlary dürli bazarlara öňem birnäçe gezek çykarypdy.Motorola Edge X30 Pro 200-megapiksellik kameraly birinji smartfon bolmaly, ol basym çykar diýip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12-niň anons ediljek senesi mälim edildi
Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar