Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi

Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi

Hytaýdaky relizden bir aý geçenden soň, Xiaomi ahyrsoňy öz flagmanynyň - Xiaomi 12 Pro-nyň global wersiýasyny hödürledi. Gurluş kompaniýanyň öz bazaryndaky wersiýalar bilen deňeşdirilende känbir üýtgeşmä sezewar edilmedi. Munda-da şol öňki ýaly, täzelenişi 120 gers tizlikli we 1440 r. razreşeniýeli 6,73 dýumlyk LTPO OLED-displeý oturdylan.

Xiaomi 12 Pro-nyň esasyna toply çip Qualcomm çipi - Snapdragon 8 Gen 1 goýlan. Şu ýagdaýda onuň operatiw ýady 8-den 12 GB çenli - hemişelik ýady 256 GB çenli. Şeýle-de, smartfonyň akkumulýatorynyň göwrümi 4600 mAч-dan ybaratdygyny bellemek gerek. Çalt zarýad berijisi hem bar: simlisi 120 Wt-lyk we simsizi 50 Wt-lyk.

Täze smartfonyň surata alyş mümkinçiligi öňküligine galdyrylan. Ony üç sany 50 Mp modully esasy kamera amala aşyrýar. Frontal kamerasy - 32 Mp-lik.

Onuň bahasy garaşylyşy ýaly - Xiaomi 12 Pro-nyň baza wersiýasy 999 dollardan satylar.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär
Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy
“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi