XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady

XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady

Düýn 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady. Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

German professorlary köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion ösüş ýoluna düşmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Merkezi Aziýa — Germaniýa formatynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi kesgitlenildi
Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze derejesi
Dekabrda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler