Wýetnamyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi

Wýetnamyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi

Harby goşunyň generaly To Lam Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň täze Prezidenti saýlandy. Bu ugurdaky çözgüt Hanoýda Milli ýygnagyň 15-nji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisinde kabul edildi. Bu barada TASS ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat habarnamasyna salgylanyp, habar berdi.

Wýetnamyň dolandyryjy Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, 66 ýaşly To Lamyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagyny goldap, deputatlaryň 473-sinden 472-si ses berdi.

Milli ýygnak Wýetnamda häkimiýetiň iň ýokary edarasy bolup, onuň ýurduň ýolbaşçysyny wezipä bellemäge hem-de boşatmaga hukugy bar diýip, Belta.by ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy