Wýetnamda Tupan  Sebäpli Ýogalanlaryň sany 233 Adama Ýetdi

Wýetnamda Tupan  Sebäpli Ýogalanlaryň sany 233 Adama Ýetdi

Ýerli medianyň habarlaryna görä Wýetnamyň Betbagtçylyklaryň öňüni alyş we gözegçilik departamenti ýagi tupanynda çekilen ýitgi hakynda beýanat berdi.

Beýannamada tupan sebäpli emele gelen betbagtçylyklar we heläkçilikler sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 233 adama ýetendigi mälim edildi.

Henizem 103 adamyň tapylmandygy, 823 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Wýetnamyň hökümeti tupandan zyýan çeken etraplarda kömek we halas ediş operasiýalaryny alyp barmak üçin müňlerçe harby opersonal iş alyp barýar. Ýurduň demirgazygyndaky kenarýaka şäherlerinden 50 müňden gowrak adam ewakuasiýa edilipdi.

3-nji sentýabrda Filippiniň demirgazyk sebitlerinde agyr ýitgä sebäp bolan ýagi tupany sebäpli 20 adam ýogalypdy, 26 adam dereksiz ýitipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Yssy sebäpli kofe gymmatlady