WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi

WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi

Dünýäde suw gatlalary sil joşmalarynyň öňünde ejiz gelýär, sebäbi olaryň gurluşygynda könelen howa maglumatlaryndan peýdalanyldy. Köplenç şeýle binalar tebigy hadysanyň öňüne böwet bolmakdan ejiz gelýärler. Bu barada World Weather Attribution halkara guramasy habar berýär diýip, 24KZ ýazýar. Gurama Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan, ABŞ-dan, Hindistandan we Şweýsariýadan klimatologlary özüne birleşdirýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi bütin dünýäde güýçli şabgalaryň we sil joşgunlarynyň töwekgelçiligini on esse artdyrýar.

Ygallaryň ýygjamlaşmagyna parnik gazlaryň howa taşlanýan zyňyndylarynyň artmagy sebäp bolýar.

Şeýle hem dünýäde bir ýarym milliard adama suw joşmalarynyň howp salýandygy habar berilýär. Netijede, her ýyl dünýäde bu tebigy betbagtçylykdan 50 milliard dollar ýitgi çekilýär. Bu barada maglumatlar Nature žurnalynda ýerleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde 2004-nji ýyldan bäri on sany tebigy hadysa 570 müň adamyň ömür tanapyny üzdi
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar