Wulkanlaryň we buzluklaryň ýurdy

Demirgazyk Atlantikanyň merkezinde ýerleşýän Islandiýa haýran galdyryjy buzluklary hem-de hereket edýän wulkanlary bilen tebigaty söýüjileriň ünsüni özüne çekýär.Islandiýa diýlende köpler Demirgazyk yşyklary göz öňüne getirýär.

Köpler bolsa Islandiýany gyzgyn suwly kölleriň ýurdy hökmünde tanaýar.Islandiýa 103 müň inedördül kilometr meýdany tutýan ada ýurdy bolup, Arktika tegelegine örän ýakyn ýerleşýär. Şol sebäpli bu ýerde tomsuna ak gijeleri, gyşyna bolsa dürli öwüşgünli demirgazyk yşyklaryny synlap bolýar.

Syýahatçylaryň köpüsi bu ýurda Tingwadlawatn kölüni görmek üçin barýarlar.

Ýurduň paýtagty Reýkýawik şäheri bolup, Koupawogýur, Habnarfordýur, Reýkýanesbaýr, Akureýri, Gardabaýr Islandiýanyň esasy şäherleri hasaplanýar.Islandiýalylaryň 95 göterimi island dilinde gepleşýärler. Ýurduň resmi dili island dili bolup, ikinji we üçünji dil hökmünde dat we iňlis dilleri öwredilýär. Şol sebäpli ada ýurduna barýan syýahatçylar ýerli ilat bilen düşünişmekde kynçylyk çekmeýärler. 2007-nji ýylda Islandiýa BMG tarapyndan ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy ýurdy diýlip saýlandy.

Sowuk ýurda Keflawik howa menzili arkaly ýa-da deňiz üsti bilen baryp bolýar.Gezelenje barýan syýahatçylara çig we kakadylan et, gaýnadylan süýt, bişirilmedik ýumurtga getirmek gadagan edilýär.Islandiýanyň milli aşhanasynda balyk we deňiz önümleri esasy orny eýeleýär.

Akula etinden taýýarlanýan naharlar, leňňeç çorbasy, gaýnadylan goçuň kellesi, süýji tüwi pudingi, kremli gatyk hem-de pişme (kleinur donuts) ýurduň meşhur tagamlarydyr.

Islandiýa ýylyň ähli paslynda syýahatçylar üçin açykdyr. Ada ýurduna barýanlar tebigy gözellikler bilen bir hatarda, island atlaryny, polýar tilkilerini we ak delfinleriň täsin hereketlerini synlap bilýärler. Islandiýa söwda we jemgyýetçilik güýmenjeleri üçin däl-de, hemme zatdan uzaklaşyp, tebigatda asuda dynç almak isleýänler üçin iň gowy ýerleriň biridir.

Islandiýa barada gyzykly maglumatlar:

Islandiýanyň 382 müňden gowrak ilaty bar. Ýurduň ilatynyň esasy bölegi dünýäniň iň sowuk paýtagty diýlip tanalýan Reýkýawik şäherinde ýaşaýar.

Islandiýa Ýer togalagyndaky iň ýaş ýerleriň biridir. Mundan 1100 ýyl ozal açylan ada adamlaryň iň soňky mesgen tutan ýerleriniň biri hökmünde tanalýar.

Ada döwletiniň ýaşaýjylary mifiki jandarlaryň (elf, troll we beýlekiler) bardygyna we her ýyl öýlere aýlanýandygyna ynanýarlar. Wikingler döwrüne degişli bu mifologik ynanç entegem dowam edýär.

Wulkan läbigi bilen gyzdyrylan howuzlarda gyşyna suwa düşmek islandiýalylaryň ýoň bolan däpleriniň biridir. Ýurtdaky mawy lagun we açyk gök suw howuzlarynyň gyzgynlygy 37-40 dereje bolup, dünýäniň iň meşhur gyzgyn çeşmeleri hasaplanýar.

Islandiýa iki tektonik plastinkada ýerleşýär. Şol sebäpli adada işjeň wulkan köp.

Ýewropanyň iň uly buzlugy Islandiýada ýerleşýär. Ýurduň tutýan meýdanynyň 11 göterimi buzluk bilen örtülendir. Buzluklar Islandiýanyň esasy gözel ýerleriniň biri bolup, 300 töweregi buzlugyň aýratynlykda ady bar.

Islandiýanyň baýdagyndaky 3 milli reňkiň öz manysy bar. Wulkan läbigi gyzyl, gar we buzluklar ak, umman bolsa gök reňkde suratlandyrylýar.

Islendik syýahatçynyň arzuwynda demirgazyk yşyklary görmek bar bolsa gerek. Islandiýada sentýabrdan mart aýyna çenli aralykda asmanda şugla saçýan reňkleri synlap bolýar.

Islandiýada çaga at dakmak Günbatar ýurtlardaky ýaly däl. Bu ýurtda adamyň familiýasy kakasynyň adyndan gelip çykýar. Mysal üçin, kakasynyň ogly, kakasynyň gyzy. Şol sebäpli bu ýurtda familiýa diýen düşünje ýok.

Islandiýalylar wulkan atylan güni çörek bişirip paýlaýarlar. Bu yrym ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär. Ada ýurdunda ýaşaýan çagalar Aýazbabadan gorkýarlar. Sebäbi ol çagalara diňe bir sowgat paýlaman, baýramçylyk güni jezalandyryp hem bilýär.

Ýene degişli makalalar

Islandiýada gowagyň çökmegi netijesinde 1 adam ýogaldy
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar