WSJ: Tesla çykdajylary azaltmak üçin Kaliforniýadaky ofisini ýapar

WSJ: Tesla çykdajylary azaltmak üçin Kaliforniýadaky ofisini ýapar

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla Kaliforniýa ştatyndaky ofisleriniň birini ýapar, takmynan, 200 işgär bolsa işden çykarylar. Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa çykdajylary azaltmak maksady bilen San-Mateodaky ofisini ýapýar, onuň işgärleriniň ýarysyndan gowragy eýeleýän wezipelerinden boşadylýandygy barada habar aldy.Işgärleriň galan bölegi kompaniýanyň beýleki ofisleriniň arasynda paýlanylar.

Neşir işden çykarylmaga sezewar bolan işgärleriň ep-esli böleginiň Tesla awtomatik dolandyryjysyny kämilleşdirmek bilen meşgullanandygyny belleýär. Öň, kompaniýanyň eýesi Ilon Mask amerikan ykdysadyýeti babatda ýaramaz duýgusynyň bardygyny aýtdy we işgärleri, takmynan, 10% azaltmakçydygyny hem-de bütin dünýäde işe kabul edilmegi togtatmakçydygyny duýdurdy.

Maý aýynyň ortalarynda Maýamide geçirilen All-in Summit tehnologiýa konferensiýasynda eden çykyşynda Mask Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň çökgünlik ýagdaýyndadygyny we bu ýagdaýdan bir ýyldan çykjakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp wezipelere belledi
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
“Tesla” arzan elektroulag öndürer
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi