Woronkow: Türkmenistana BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň işine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirýäris

Woronkow: Türkmenistana BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň işine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirýäris

Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş maksatnamasy we onuň çäklerinde amala aşyrylan taslamalar boýunça ýokary derejeli ýyllyk brifing guraldy.

23-nji ýanwarda geçirilen maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, BMG-nyň Terrorçylyga garşy komitetiniň ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, şeýle-de Merkezi Aziýanyň hem-de beýleki döwletleriň hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, brifingiň dowamynda W.Woronkow Merkezi Aziýa döwletleriniň häzirki wagtda wagtda sebitde durmuşa geçirilýän 15 maksatnamanyň çäginde milli, sebit we halkara derejesinde terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak hem-de oňa garşy göreşmek üçin şahsy we köpçülikleýin tagallalaryny artdyrýandyklaryny belledi. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň terrorçylyk howplarynyň öňüni almak, olara garşy göreşmek we halkara hukugy boýunça degişli borçnamalary ýerine ýetirmek üçin köpçülikleýin çäre görmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Şunda Türkmenistanyň BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň işine goşan goşandy we maliýe goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we meýletin goşantlaryň BMG-nyň bu ugurdaky işlerini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi hökmünde terrorçylyga garşy netijeli göreşmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

Ilçi A.Ataýewa öz çykyşynda Türkmenistanyň 2020-nji ýylda BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň goldawy bilen kabul edilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamasyny tutanýerli hem-de hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegini dowam etdirýändigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň düzümleri bilen netijeli işleri geljekde hem ýola goýmaga we kabul edilýän resminamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmaga taýýardygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Ilçisi Döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy