Wolgogradda türkmen ýaşlaryndan foklor topary we futbol topary döredildi

3-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldamagynda Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinde (WDSMU) RF-iň şu sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Mekan futbol topary we Bitaraplyk folklor topary döredildi.

Şu waka gabatlanyp Mekan we WDSMU-nyň ýygyndy toparlarynyň dostluk duşuşygy geçirildi, şeýle hem Bitaraplyk folklor toparynyň çykyşy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konsullygy Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinde we Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistan Bitaraplygyň mekany temasyndan leksiýa gurady.

Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Aleksandr Korotkow we Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetinde rektory Aleksandr Nawroskiý türkmen-russiýa ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek jähtinden şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Russiýa tarapy Russiýa Federasiýasynda bilim alýan türkmen talyplaryna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny ugratdy.

Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory, Wolgograd oblastynyň rektorlar Geňeşiniň başlygy Aleksandr Korotkow bu başlangyçlaryň ynsanperwer ulgamda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlgy işjeňleşdirmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiaýdaky otly heläkçiliginde ýaralanan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
A. S. Puşkin adyndaky teatryň işleri Astrahanyň we Wolgogradyň sahnalarynda görkeziler
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär