Woleýbolmy ýa-da karate?!

Häzirki wagtda dünýäde sportuň 3 müň töweregi görnüşi ýaýrap, olaryň käbiri seýrek ýagdaýda geçirilýän ýaryşlar hasaplanýar. Şeýle sport görnüşleriniň biri hem sepak takraw bolup, oýnuň oýnalyşy tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Woleýboldan ylham alnyp döredilen bu sport görnüşinde oýunçylar diňe aýaklaryny, dyzlaryny, döşüni we kellesini ulanyp topy dolandyryp bilýärler.Oýunda topy ellemek gadagan bolup, sepak takrawyň geçiriliş düzgüni woleýbola meňzeýär.

Günorta-Gündogar Aziýanyň iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolan bu oýun kiçi rattan (örme top) ýa-da sintetik top bilen oýnalýar. 1990-njy ýyldan başlap sepak takraw Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýär.

Badminton ýa-da woleýbol meýdançasyna meňzeş kortda geçirilýän bu oýna her topardan iki, üç, iň köp dört oýunçy gatnaşyp bilýär.Oýunçylar topy diňe aýagy, döşi, dyzy ýa-da kellesi bilen dolandyryp, tordan pökgini geçirmäge synanyşýarlar.

Haýsy topar topy ýere gaçyrsa, şol topar utuk ýitirýär.Tordan geçirilen toplaryň netijesi boýunça iň köp utuk gazanan topar ýeňiji diýlip yglan edilýär.

Oýnuň gysgaça taryhy

Sepak takraw, takmynan, 500 ýyl ozal Malaýziýada döräpdir.XV asyrlarda köplenç köşklerde oýnalan bu oýun, XVI asyrda Indoneziýa ýaýraýar hem-de oňa sepak raga diýlip at dakylýar. Öň erkin ýagdaýda geçirilip, Günorta-Gündogar Aziýada meşhurlyk gazanan bu oýna 1940-njy ýylda resmi taýdan düzgünler girizilýär.

Ilkinji resmi sepak takraw ýaryşy 1945-nji ýylyň 16-njy maýynda Penangda (Malaýziýa) geçirilýär. Şol ýyllarda bu sport görnüşi sepak raga diýip atlandyrylan hem bolsa, 1965-nji ýylda Aziýa Sepak takraw federasiýasy (ASTAF) döredilip, oýnuň ady sepak takraw ady bilen çalşyrylýar.

Sepak takraw topy urmak diýen manyny aňladýar. 1988-nji ýylda Halkara Sepak takraw federasiýasy (ISTAF) oýnuň dolandyryş guramasy hökmünde döredilýär.

Sepak takraw Aziýa ýurtlarynda dörän sport görnüşi bolsa-da, meşhurlygy Ýewropa we Amerika ýurtlaryna-da ýaýraýar. Häzirki wagtda Kanadada, ABŞ-da, Koreýada, Malaýziýada, Tailandda, Hindistanda, Bruneýde sepak takraw ýaryşlary geçirilýär. Çeýeligi, çaltlygy we böküşleri talap edýän bu oýun bilen gyzyklanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Ýene degişli makalalar

Woleýbolda Ýewropanyň çempiony Türkiye boldy
Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finalda Italiýa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finalda…
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Woleýbol Komandasy Fransiýadan Ýeňildi
Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finalda Polşa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy