Woleýbolçy Gyzlar Üstünliklerini Dowam Etdirýär

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Pariž 2024 olimpiýa oýunlaryndaky 2-nji bäsleşigini Dominik Respublikasynyň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy bilen geçirdi

Woleýbolçy gyzlar Fransiýanyň paýtagty Pariždäki South Pariž Arenada geçirilen bäsleşikde Dominik Respublikasyny 3-1 hasabynda ýeňip çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy ilkinji bäsleşiginde hem Gollandiýany 3-2 hasabynda ýeňipdi.

J toparynda bäsleşýän woleýbolçy gyzlar, toparyndaky soňky bäsleşigini 4-nji awgustda ýekşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 10.00-da İtaliýa bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

Woleýbolçy Gyzlar Şu Gün Hytaý Bilen Bäsleşer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Woleýbolçy Gyzlar Olimpiada Oýunlaryna Üstünlikli Başlady
Woleýbolçy Gyzlar Milletler Ligasynda Final Bäsleşiklerine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Woleýbolçy Gyzlar Olimpiýa Oýunlarynda Ilkinji Gezek Ýarym Finalda…
Woleýbolda Ýewropanyň çempiony Türkiye boldy