
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Milletler ligasynda Tehas ştatynyň Arlington şäherindäki Kolež park zalynda şu gün Türkiýe wagty bilen 21.00-da Günorta Koreýa bilen bäsleşer.
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy ertir hem Türkiýe wagty bilen 23.00-da ABŞ bilen bäsleşer.
Woleýbolçy gyzlar ABŞ-daky ilkinji iki bäsleşiginde Germaniýa bilen Serbiýany 3-1 hasabynda ýeňipdi.
Türkiýe, geçen ýyl Milletler ligasynda çempion bolupdy.