Woleýbolçy Gyzlar Olimpiýa Oýunlarynda Ilkinji Gezek Ýarym Finalda…

Türkiyäniň Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysy Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynyň çärýek finalynda Hytaýyň ýygyndysyny 3-2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň ilkinji tapgyrynda Hytaýyň ýygyndysynyň ýeňen oýunda, Türkiyäniň ýygyndysy 2-nji tapgyrda 25-21 hasabynda üstün çykdy.

Türkiyäniň Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysy Melissa Wargasyň we Ebrar Karakurtyň gollary bilen 3-nji tapgyry hem 26-24 hasabynda ýeňmegi başardy.

Hytaý duşuşygyň 4-nji tapgyrynda 25-21 hasabynda ýeňdi we umumy duşuşyk 2-2 hasaba geldi.

Soňky pursatlara çenli çekeleşikli geçen 5-nji tapgyrda 15-12 hasabynda, umumy duşugy hem 3-2 hasabynda ýeňen Türkiyäniň Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysy olimpiýa oýunlary taryhynda ilkinji gezek ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Türkiyäniň Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysy ýarym finalda Italiýa-Serbiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen 8-nji awgustda bäsleşer.

Ýene degişli makalalar

Woleýbolçy Gyzlar Olimpiýa Oýunlarynda Ilkinji Gezek Ýarym Finalda…
Woleýbolçy Gyzlar Milletler Ligasynda Final Bäsleşiklerine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Woleýbolda Ýewropanyň çempiony Türkiye boldy
Woleýbolçy Gyzlar Üstünliklerini Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Woleýbolçy Gyzlar Şu Gün Hytaý Bilen Bäsleşer