Hyundai Nexo krossoweri wodorod ýangyçly awtomobiliň bir bakda geçmäge ukyply bolan ýolunyň uzaklygy boýunça rekord eýesi boldy. Synag Awstraliýada geçirildi we ony professional awtosürüjiler ýerine ýetirdiler. Bu barada auto.mail.ru habar berýär.
Ýerli sürüji Brendan Riwz adaty Nexo-da Melburndan Broken-Hill şäherçesine çenli ýoly bir bakda geçdi.Bortdaky kompýuteriň maglumatlaryna görä, ýoluň umumy uzynlygy 887,5 kilometr boldy.Riwz şweýsariýaly sürüji Bertran Pikkar tarapyndan 2019-njy ýylda şeýle Hyundai Nexo-da goýlan öňki 778 km bolan dünýä rekordyny täzeledi.
Hyundai Nexo krossoweri 666 km ätiýaçlyk ýoluna eýe.Awtomobilde oturdylan GPS gurluşy ulagyň 903,4 km geçendigini görkezdi, ýöne Google kartasynyň maglumatlary boýunça, 905 km geçildi. Şeýle-de bolsa, netijäni bellige almak üçin ulagyň içinde oturdylan kompýuter ulanyldy.
Hyundai Nexo-nyň bu ýoly 13 sagat 6 minut dowam etdi. Ýolda awtomobiliň ortaça tizligi sagatda 66,9 km boldy.Bu syýahatyň dowamynda 449 100 litr kislorod we 6,27 kg wodorod gaýtadan işlenildi.
Hyundai Nexo zyýanly zyňyndylaryň derejesi nol bolan wodorod ýangyç elementli (FCEV) elektromobildir.Awtomobil diňe suw buglaryny çykarýar.Hyundai model 2018-nji ýylyň martynda satuwa çykaly bäri 10 müňden gowrak Nexo satdy.
Bu model Koreýanyň bazarynda, şeýle-de Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada satylýar.