Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Ursula fon der Lýaýen agza ýurtlarda 80 töweregi wodorod taslamasy üçin döwlet tarapyndan berilýän 17 milliard ýewrolyk goldawa rugsat berendiklerini mälim etdi.Ol wodorod ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini, Ýewropa Bileleşiginiň wodorod pudagyna goldaw bermek üçin döwlet tarapyndan maýa goýumyny gönükdirmegiň, halkara hyzmatdaşlygyň we hususy pudak bilen täze hyzmatdaşlyklaryň üstünde işleýändiklerini mälim etdi. Şeýle hem ol Ýewropa Wodorod bankynyň ilkinji bäsleşiginiň (tender) şu hepde başlajakdygyny we Ýewropa Bileleşiginiň wodorod taslamalaryna goldaw bermek üçin ýeke-täk “duralga” dörediljekdigini belledi.
Mundan başga-da fon der Lýaýen Ýewropanyň tutuş çäginde köp sanly şäherde ilkinji wodorod ýangyçly awtobuslaryň hereket edip başlandygyny aýtdy. Geňeşiň başlygy Rotterdam portunda 1000 kilometrden köp ýeri eýelejek wodorod torunyň gurluşygyna başlanandygyny, dünýäniň suwuk wodorod bilen işleýän ilkinji uçarynyň hem birnäçe hepde ozal Sloweniýada uçandygyny habar berdi.
Geňeşiň başlygy Ýewropa Ýaşyl Ylalaşygynyň çäklerinde dürli gaznalaryň üsti bilen wodorod “jülgelerine”, wodorod otlularyna we arassa polat zawodlaryna maýa goýum gönükdirendiklerini belledi.
Fon der Lýaýen 800 million ýewrolyk Wodorod bankynyň hususy pudagyň maliýe mümkinçiliklerini özüne çekjekdigini we geljek ýylyň ýaz aýlarynda umumy bahasy 3 milliard ýewro ýetjek ikinji bäsleşikleriň başlajakdygyny belledi. Ol bankyň halkara şahasynyň üstünde hem işleýändiklerini, munuň daşarky öndürijilerden wodorod importyny kepillendirjekdigini aýtdy.
Şeýle hem fon der Lýaýen, Müsür, Keniýa we Namibiýa ýaly birnäçe ýurt bilen wodorod boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekendiklerini, bu ýurtlaryň arassa energiýa öndürmek we ony arassa wodoroda öwürmek üçin mümkinçilikleriniň ýokarydygyny belledi.