Merkezi Britaniýada ýerleşýän halkara telekomunikasiýa firmasy Wodafone 3 ýylda 11 müň adamy işden çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Firmanyň 2023 maliýe ýylynyň alynky netijelerine görä, üstümizdäki ýyl firmanyň ykdysady ösüş depgini aşaklar.
Wodafone firmasynyň esasy bazary bolan Germaniýada girdejileriň aşaklamagy Ýewropa ýurtlaryna täsirini ýetirýär.
Firmanyň Afrikadaky işleri bolsa güýçli depginde dowam etdirýär.
Markalaşma boýunça maýa goýumlaryny artdyrmagy maksat edinýän firma 3 ýylda 11 müň adamy işden çykarar.