Wladiwostokdaky Sputnik etrabyna Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi paýlanýar

Wladiwostokdaky Sputnik etrabyna Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi paýlanýar

Sputnik etrabynda Duzly kanalynyň golaýynda suw joşmalaryndan ejir çekenler üçin ynsanperwerlik kömegi nokady açyldy. Bu ýerde paýlanylýan ynsanperwerlik kömegi Türkmenistandan ugradyldy diýlip, vladivostok-news.net web sahypasynda habar berilýär.

Bu ynsanperwerlik kömeginiň esasy bölegi çaga eşiklerinden hem-de süýjüliklerden ybaratdyr. Olaryň içinde çagalar we ulular üçin niýetlenilen, arassa pagtadan bolan ýokary hilli ýorgan-düşekler we örtgüler bar.

Habarda ýerli ýaşaýjylaryň ýürek buýsançlary hem beýan edilýär. Olarda ugradylan ynsanperwerlik kömegi we duýgudaşlygy üçin türkmen halkyna köp sagbolsun aýdylýar.

Ozal Primorýe sebitiniň Siwakowka, Petrowiçi, Luçki we Nowodewitsa obalaryna hem Türkmenistandan ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Žaparow: Olimpiýa oýunlarynda gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligine tutuş dünýä şaýat boldy
Pelosiniň jedelli saparlarynyň dowamy
Serdar Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Samarkantda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi
Taryhda bu hepde 19-njy awgust
Sputnik V Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy