Russiýanyň hökümetiniň resmi saýtynda çap edilen resminama, Russiýanyň "özüne garşy ýadro ýarag ulanylşy bolmasa, öz ýadro ýaraglaryny ulanmazlyk" baradaky borçnamalaryny üýtgedýär.
Täze düzgünnama bilen Russiýa "tankydy howp astynda diýip hasap eden ýagdaýynda" ballistik ýaraglara garşy ýadro jogabyny berip biljekdigini yglan etdi.
Täze doktrina görä, ballistik raketalar, uçarmansyz howa ulaglary ýa-da beýleki howa enjamlary bilen guralan hüjümleriň "ýurduň bütewiligine howp salan ýagdaýynda" Putiniň ýadro ýaraglaryny ulanyp biljekdigini yglan edýär.
Ýadro doktrinasynda, koalisiýalaryň birine agza döwlet tarapyndan Russiýa garşy guralan islendik hüjümiň tutuş koalisiýanyň amala aşyran hüjümi hökmünde hasaplanjakdygy hem beýan edilýär.
Ýadro doktrinasynda amala aşyrylan bu üýtgeşme, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 20-nji ýanwarda Prezidentlik wezipesini terk etmezden öň, Ukraina ABŞ-nyň ýaraglaryny Russiýanyň çäginde ulanmaga rugsat bermeginden soň girizildi.
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär.