Wladimir Putin Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän halkara forumda çykyş etdi

Wladimir Putin Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän halkara forumda çykyş etdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabat şäherinde beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumda çykyş etdi diýip, Turkmenportalyň habarçysy ýazýar.

Rus Lideri öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň häzirki zaman dünýäsinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Prezident W.Putin Magtymguly Pyragynyň beýik ynsanperwer şahsyýet, şol sanda türkmen poeziýasynyň we edebiýatynyň esaslandyryjysy hasaplanýandygyny nygtady.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Magtymgulynyň Russiýa bilen arabaglanyşygy barada-da durup geçip, şahyryň Astrahanyň golaýynda uzak wagtlap ýaşandygyny aýtdy. Şol ýerde häzirem türkmen diasporasy ýaşaýar.

Şunuň bilen baglylykda, W.Putin 2019-njy ýylda Funtowo obasynda Magtymguly adyndaky mekdebiň açylandygyny, Astrahanda şahyryň ýadygärliginiň oturdylandygyny we şu ýylyň sentýabr aýynda Moskwada şahyryň býustiniň açylyş dabarasynyň bolandygyny belläp geçdi.

Russiýanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşan goşandy, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdini yglan etdi we muny iki ýurduň halklarynyň arasyndaky berk dostlugyň nyşany diýip atlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

WLADIMIR PUTIN AŞGABATDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYLYP GEÇIRILÝÄN HALKARA FORUMDA ÇYKYŞ ETDI
Fransiýada 30 müň garaleňňeç ýaşaýyş öýüne hüjüm etdi
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen...
Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy