Wladimir Putin 71 ýaşady: Russiýanyň Prezidenti doglan gününi nähili belleýär?

Wladimir Putin 71 ýaşady: Russiýanyň Prezidenti doglan gününi nähili belleýär?

Şu gün 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin doglan gününi belleýär, döwlet Baştutany 71 ýaşady diýip, TASS habar berýär.

Däp bolup gelşi ýaly, Putin bu güni hem iş ýerinde garşylady. Bu gün rus Lideri Gazagystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşar hem-de rus gazynyň Özbegistanyň üsti bilen Gazagystana iberilip başlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşar.

Adatça, Wladimir Putin öz doglan gününi maşgalasy hem-de ýakynlary bilen belleýär. Bu güne üns berilmegini ol halap barmaýar we öz doglan güni barada agzalmagyndan gaça duranyny kem görenok. Emma Putin barybir beýleki ýurtlaryň Prezidentlerinden köpsanly gutlag jaňlaryna jogap bermeli bolýar, şeýle jaňlarda saglyk we işinde üstünlik baradaky arzuwlardan ötri, beýleki iş meseleleri barada hem söhbet edilýär.

Russiýanyň Prezidenti doglan gününi Moskwada ýa-da Sankt-Peterburgda garşylaýar, emma kadadan çykylan ýagdaýlary hem bar. Mysal üçin, döwlet Baştutany 50 ýaşyny Balide Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýygnagynda garşylamaly boldy, 2015-nji ýylda bolsa, ol öz doglan güni MHL-iň ýyldyzlary we MHL-iň ýygyndysy toparlarynyň arasyndaky hokkeý ýaryşyna gatnaşdy.

Diňe bir gezek, 2014-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Russiýanyň Prezidenti dynç alyş gününi aldy hem-de Sibiriň taýgasyna gitdi.

Ýene degişli makalalar

Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi
Modi Moskwa bardy
Türkmenistanly ýerine ýetirijiler Russiýada halkara opera bäsleşigine gatnaşarlar
Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler