Wizasyz syýahat, maýa goýumlary we duşuşyklar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda "hyzmatdaşlygyň täze eýýamy" yglan edilýär

Wizasyz syýahat, maýa goýumlary we duşuşyklar  Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda "hyzmatdaşlygyň täze eýýamy" yglan edilýär

Gazagystan Hytaýyň graždanlary üçin, wizasyz syýahaty 30 güne çenli uzaldýar. Gyrgyzystanyň hem şeýle düzgüne eýerjekdigine umyt bar. Bu ädimleriň arkasynda näme dur we olar sebit üçin nämäni aňladýar?

Hytaý COVID-19 sebäpli üç ýyl dowam eden berk çäklendirmelerden soň, bütin dünýä boýunça öz ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmegi dowam edýär. Analitikleriň we resmileriň aýtmagyna görä, häzir Pekin Merkezi Aziýany nazara alýar.

Pekin bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky söwda we beýleki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pandemiýa sebäp bolan ýapyklykdan soň, ýaňadan diklenmegini dowam etdirýär. 18-19-njy maýda Hytaý lideri Si Jinping Sýanda, Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejedäki şahsy duşuşygyny geçirer.

Hytaý bu sammiti soňky wagtlarda gazanan uly üstünliklerini berkitmek hem-de birnäçe sebit häkimiýetleri bilen wizasyz baryp-gelişmek barada gelnen ylalaşygy pugtalandyrmak üçin ulanar.

Eýýäm şu aýda Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda, ikitaraplaýyn täze ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar.Bu ylalaşyk 30 günüň dowamynda, özara wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik berer.Häzir Gazagystanda, şeýle hem onuň goňşusy Özbegistanda hytaýly syýahatçylar üçin, 14 günlük wizasyz düzgün hereket edýär.

Gyrgyzystan hem Pekin bilen wizasyz syýahatçylyk gepleşiklerine girişdi.Ol serhetaşa söwda, maýa goýumy we syýahatçylygy artdyrmak bilen ýurduň ykdysadyýetini güýçlendirip boljagyna umyt edýär.

Biz ministr bilen geçirilen duşuşygymyzda, öz graždanlarymyz, şeýle hem awto ulag sürüjiler üçin, wiza meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk [hem-de] wizasyz režimi girizmek meselesine seretdik.Indi işi bitirmek biziň tarapymyza bagly... ýöne umuman, Hytaý maslahatlaşmaga we dialoga ýol açmaga taýýar diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew hytaýly kärdeşi Çin Gang bilen ýaňy-ýakynda bolan duşuşykda, ara alyp maslahatlaşylan meseleleri mälim etdi.

Häzirki wagtda Hytaýyň Merkezi Aziýadaky gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan tagallalary özüniň milliardlarça dollarlyk daşary syýasat taslamasy bolan "Bir guşaklyk bir ýol" başlangyjyny täzeden ruhlandyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem özüniň günbatar Sinjiang welaýatyndaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga çalyşýar, ol welaýat bolsa Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetleşýär. Hytaý Merkezi Aziýany Ýewraziýa üçin uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde görýär.

Täze başlangyç

Serhetaşa söwdanyň düýpli peselmegine getiren COVID-19 pandemiýasy döwründe, Hytaýda girizilen berk çäklendirmelerden başga-da, günbatar Sinjiang welaýatynda, Pekiniň uýgurlara we etniki gazaklar, gyrgyzlar ýaly beýleki musulman azlykdakylara garşy onlarça ýyl bäri dowam eden repressiw kampaniýasynyň öňüsyrasynda serhet gözegçilikleri berkidildi.

Sinjiangda adam hukuklarynyň bozulmalary bilen birlikde, ýerli azlykdakylaryň tussaghanalarda saklanmagy, türmelere basylmagy, şeýle hem mejbury zähmet lagerleri we çaga dogrulyşyna gözegçiligiň artmagy ýaly giň gerimli kampaniýa BMG-niň 2022-nji ýyl üçin hasabatynda garalyp, oňa "adam hukuklarynyň agyr bozulmagy" hökmünde baha berildi, käbir parlamentler bolsa ony genosid hökmünde ykrar etdi.

Merkezi Aziýada garyndaşlyk gatnaşyklary sebäpli, hususan-da, Sinjiangdaky gazaklar bilen etniki gazaklaryň arasynda, repressiýa hereketi gyzgyn tema öwrüldi. Jeza lagerleriniň bendileriniň birnäçesi Hytaýdan gaçyp, Gazagystana gelenlerinden soň, öz güwäliklerini çap etdiler.

Şondan bäri Gazagystanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň hökümetleri Sinjianga garşy hereket edýän graždan aktiwistiniň islendik hereketini basyp ýatyrmaga synanyşýarlar. Sinjiangda ýitirim edilenlerden diňe birnäçesiniň garyndaşy dowam edýän zorluga garşy çykmaga henizem taýyn.

Häzir Merkezi Aziýa döwletleriniň häkimiýetleri Hytaý tarapyndan täzeden açylýan ykdysady gatnaşyklardan bähbit görmegi we goňşy Sinjiang bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýärler.

Sinjiangyň ähmiýeti barada aýdylanda, Gazagystanyň döwlet statistikasyna görä, hytaý-gazak söwdasynyň umumy möçberiniň 40%-ni diňe bu welaýatyň öz içine alýandygy nygtalýar.

Umumylykda, Hytaýyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine gatnaşyklary ösýär. 2020-nji ýylyň ahyrynda, sebitde hytaý maýa goýumlarynyň umumy möçberi 40 milliard dollara ýetdi, 2022-nji ýylyň ahyrynda bolsa bu görkeziji 70 milliard dollara barabar boldy.

Bu sebitde Hytaýyň maýa goýumlarynyň agramly bölegini henizem Gazagystan tutýar. Mundan başga-da, 2022-nji ýylda hytaý-gazak söwdasynyň ösüş depgini ýylda 33% artyp, 24 milliard dollarlyk täze rekordy goýdy, ýerli häkimiýetler bolsa ony has-da artdyrmaga çalyşýarlar.

Astana Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda gury ýer üsti bilen harytlaryň daşalmagynyň esasy tranzit nokady hökmünde, özüniň öňde tutulmagyny dowam etdirýär.Bu meselede Gazagystan Russiýanyň bir ýyl mundan ozal Ukrainany basyp almak üçin, doly möçberde hüjümlere başlamagyndan soň, gämi kompaniýalarynyň Russiýadan daşlaşmaga çalyşýandygy sebäpli dörän boşlugy doldurmaga çalyşýar.

Gazagystan we Azerbaýjan, Gürjüstan we Türkiýe ýaly beýleki ýurtlar hem Orta koridora maýa goýumy we gyzyklanmany artdyrmaga çalyşýarlar.Ol ugur Transhazar halkara ulag ýoly diýlip hem atlandyrylýar.Gündogar Aziýa bilen Ýewropany Merkezi Aziýa we Kawkaz arkaly birleşdirýän bu ugur "Bir guşaklyk bir ýol" başlangyjyna laýyklykda öňe sürülýär.

Aslynda Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynda kän bir özgerişlik bolmady. Olar Sinjiangyň howpsuzlygynyň we ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde görülýär hem-de Sinjiangyň ösmegi, bu hökmany ýagdaýda Si Jinpingiň we Hytaý hökümetiniň özlerini oňaýly duýýan we mundan beýläk-de has ýakyn gatnaşyklary ösdürmek isleýän sebiti diýip, "Sinostan. Hytaýyñ tötänden dörän imperiýasy" atly kitabyň awtory Pantuççi aýdýar.

Taryhy sammit

Basym Sýan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleriniň gatnaşmagynda, Si Jinpingiň ýolbaşçylygy astyndaky ýokary derejedäki sammit geçiriler. Onda sebitleýin infrastrukturany we aragatnaşyk mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berler. Şeýlelikde, hytaý lideri Sowet Soýuzy dargaly bäri ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň bäş baştutanynyň ählisini birden duşuşyga çagyrýar.

Hytaý resmileri sammitiň Pekin bilen sebitiň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygyň çalt depginler bilen ösüşini görkezjekdigini eýýäm aýdýarlar. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Wang Wenbin metbugat işgärlerine sammitiň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny, bu bolsa "hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny" alamatlandyrjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol "Hytaý Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň täze meýilnamasyny işläp taýýarlajak möhüm syýasy resminama" gol çekilmelidigini sözüne goşdy. Ýöne Wang duşuşygyň gün tertibiniň jikme-jikliklerine girmedi.Sammitiň barşynda Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde, Merkezi Aziýanyň syýasy we ykdysady çökgünligini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berler diýip, Pekiniň Russiýa we Merkezi hem-de Günorta Aziýa bilen gatnaşyklaryny öwrenýän Frostburg döwlet uniwersitetiniň professory Haýong Ma aýtdy.

Professoryň sözlerine görä, täze wizasyz gatnaşyklary ylalaşmak ýaly çäreleriň gönüden-göni ykdysady bähbitleri entek belli bolmasa-da, ýöne olar Pekiniň gün-günden artýan täsiriniň we sebiti ýaňadan özgertmegiň möhüm alamaty bolup, bu çäreler Hytaýyň Moskwa bilen gatnaşyklaryny pugtalandyryp, däp boýunça Orsýetiň öz täsirini gorap saklaýan ýeri bolan Merkezi Aziýada öz bähbitlerini ýöretmegini dowam etdirýär.

Ukrainada barýan uruş Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylary üçin oňaýsyz boldy, beýleki tarapdan, Moskwanyň kuwwatynyň gowşamagyndan peýdalanyp, Kremlden syýasy taýdan daşlaşmaga çalyşdylar we başga ýurtlar bilen täze uzak möhletli ykdysady gatnaşyklary döretmäge ymtylýarlar.

Emma Moskwanyň abraýynyň peselmegine garamazdan, ol sebitde esasy orun eýelemegini dowam etdirýär.

Merkezi Aziýa liderleriniň bäşisi-de 9-njy maýda Ýeňiş gününiň bellenilmegi mynasybetli howlukmaçlyk bilen Moskwa gelende, ol sebitdäki täsirini doly görkezildi, köp analitikler muny Kremliň basyşynyň netijesi hasaplady.

Bu ýagdaýy nazarda tutmak bilen Ma Pekiniň sammiti sebitdäki ýurtlary olaryň syýasy garaşsyzlygyny goldajakdygyna ynandyrmak üçin ulanýandygyny hem-de Ýewraziýada "merkezinde Hytaý durýan ykdysady aýlawy" döretmek boýunça täze ädimdigini sözüne goşdy.

Bu aslynda, bir okda iki towşany awlamak strategiýasy: Moskwanyň täsirini gowşatmak [we] Hytaýyň Merkezi Aziýadaky bähbitleri hem-de onuň sebitdäki beýleki [proýektleri] bilen has-da ýakyndan birleşdirmek diýip, Ma aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa iş sapary tamamlandy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ (BSG) ÝOLBAŞÇYLYGY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA MAGLUMAT
Türkmen wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň täze Premýerini gutlady