Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar hor konserti geçirildi

Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar hor konserti geçirildi

3-nji dekabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Wita Timermanyň ýolbaşçylygynda Mollanepes adyndaky Mary welaýat çeperçilik mekdebiniň çagalar hory tarapyndan ajaýyp saz eserleriniň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň ýörite sazçylyk mekdep internatynyň okuwçylaryndan düzülen çagalar horunyň hem-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň gatnaşmaklarynda bilelikde ýerine ýetirilen konsert Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasyna girizildi.

Ýaş aýdymçylar, oglanlar we gyzlar türkmen we ýewropaly kompozitorlaryň iňlis, türkmen, latwiýa, fransuz, nemes we italýan ýaly dürli dillerde eserlerini ýerine ýetirdiler. Agşamyň açylyşy simwoliki kompozisiýasy Viva La Musica (Saz janly bolsun) bilen başlandy. Konsert tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy.

Wita Timermanyň Türkmenistana ikinji sapary ýaş zehinler bilen hyzmatdaşlyk etmek islegini tassyklady. Bir hepde mundan ozal Aşgabatda geçirilen konsert üstünlikli bolup Mary welaýatynda nobatdaky çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Agşam türkmen halkynyň kalbyna ýakyn meşhur sazlarynyň biri bolan Nury Halmämmedowyň Türkmen sährasy bilen dolduryldy. Mundan başga-da, Raýmond Paulsyň latwiý dilinde döreden eserleri, tomaşaçylarda tolgunma we şatlyk döreden çagalyk aýdymlary we dünýäde tanalýan başga-da köp kompozisiýa ýerine ýetirildi.

Leonard Koeniň Hallelujah atly ajaýyp kompozisiýasy bilen tamamlanan konsert, hoşniýetlilik we bagt agşamyna çümen tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi tamamlandy
Aşgabatda italýan aşhanasynyň agşamy geçirildi
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi