Wise-premýerler sanlaşdyrma barasynda Serdar Berdimuhamedowa habasat berdiler, ol närza galdy we kaýinç yglan etdi

Wise-premýerler sanlaşdyrma barasynda Serdar Berdimuhamedowa habasat berdiler, ol närza galdy we kaýinç yglan etdi

13-nji maýda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýerler “2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanlaşdyrma ykdysadyýeti ösdürmek barada konsepsiýanyň” we “2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanlaşdyrma ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamanyň” durmuşa geçirilişi bilen ilteşikli hasabat berdiler.

Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Ulag we aragatnaşyk boýunça edaranyň baş ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýewiň habaryna görä, konsepsiýa üç etapda durmuşa geçirilýär.“Türkmenaragatnaşygyň” ýolbaşçylygyndaky ilkinji etapda sanlaşdyrmak ykdysadyýeti ösdürmek babatda hökümetara topar döredildi. Çakyýew kanunlar ösdürilýär we edara internet saýtyny döredýär diýdi.

2020-2023-nji ýyllardaky ikinji etapda maglumat tehnologiýany ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat. Eýýäm, Bütewi döwlet hyzmatlarynyň saýty döredildi, onda “onlaýn tölegleriinň we hyzmatlarynyň dürli görnüşlerine” salgylanylýar. Şonuň ýalyda, bu etapda “Elektron hökümet” hem işläp başlamaly.

2024-2025-nji ýyllardaky üçünji etapda ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy we oňa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdiriler: bütewi maglumat merkezi dörediler.

Mundan soňra emeldar “Aragatnaşyk ýollaryny goramak kadalary barasynda” kararyň taslamasyny hödürledi we ony prezident Serdar Berdimuhamedow tassyklady.

Şeýlede Çakyýew Ministrler Kabientiniň ýanynda maglumat düýp gurluş desgalarynyň möhümdiginiň derejesini seljermek barada hökümetara merkezi döretmegi hem teklip etdi. Kiçi Berdimuhamedow teklibi goldady we maglumatlary ýetirmek ulgamyny, aragatnaşyk düýp gurluşlaryny döwlebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

_______________________________

Soňra ykdysady, maliýe we halkara maliýe gurluşlary boýunça wise-premýer Muhammetguly Muhammedow, nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Awdyrahmanow, gurluşyk, senagat we energiýa toplumy boýunça wise-premýer Çarymyrat Pürçekow, söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjow, ylym, bilim, saglyk we sport boýunça wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew, DIM Raşid Meredow hem öz ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda, ministrliginde sanlaşdyrma konsepsiýanyň, maksatnamanyň durmuşa geçirilişi bilen bagly prezidente hasabat berdiler.

Bu hasabatlardan soňra kiçi Berdimuhamedow sanlaşdyrma babatda hökümetiň işinden närzadygyny aýdyp, ýurtda işleriň bolmaly derejesinde däldigini tekrarlady.

Sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmaga gözegçilik edýän Mämmethan Çakyýew käýinç aldy.The post Wise-premýerler sanlaşdyrma barasynda Serdar Berdimuhamedowa habasat berdiler, ol närza galdy we kaýinç yglan etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy
Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Türkmenbaşyda 500-den gowrak hojalygyň elektrigi kesildi
'Zäherlenen howa' baradaky soraga jogap bermeýän Aşgabat karbamid eksportyny artdyrar