Wise-premýer pagta ýygymynyň dekabr aýynda-da dowam edýändigini boýun aldy

Wise-premýer pagta ýygymynyň dekabr aýynda-da dowam edýändigini boýun aldy

Türkmenistanda pagta ýygymy kampaniýasy dekabr aýynyň ikinji ongünlüginiň ahyrynda hem dowam edýär.Bu maglumaty ýurduň oba hojalyga gözegçilik edýän wise-premýeri Esenmyrat Orazgeldiýew hem tassyklaýar.Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji dekabrda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda Orazgeldiýew Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda pagta ýygymynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. “Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 1 million 99 müň 236 tonna “ak altyn”, şol sanda Ahal welaýatynda 231 müň 542 tonna, Mary welaýatynda 335 müň 914 tonna, Lebap welaýatynda 301 müň 555 tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň 225 tonna hasyl taýýarlanyldy” diýip, wise-premýer prezidente hasabat berdi.

Wise-premýeriň bu çykyşyndan soňra Azatlyk Radiosynyň welaýatlara ýygy-ýygydan sapar edýän aşgabatly habarçylarynyň biri Mary we Lebap welaýatyndaky pagtaçy kärendeçileriň ençemesi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.Habarçy bilen söhbetdeş bolan maryly we lebaply kärendeçiler köpçülikleýin ýagdaýda bolmasa-da, pagta ýygymynyň dowam edýändigini, meýdanda açylman galan gozalaryň we gowaçanyň çöpüne ilip galan pagtanyň übtükleriniň ýygnalýandygyny gürrüň berdiler.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýdi daýhan birleşiginiň we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Lamma obasynyň pagtaçy kärendeçileriniň aýtmagyna görä, pagta ýygymyna her daýhan birleşikden ortaça 45-50 töweregi adam gatnaşýar. “Meýdanlarda pagta ýok. Ýöne etrap we daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary pagta meýdanlarynda hiç zat goýman ýygnamak hökmany borç diýdiler. Şol bir wagtda-da, olar ýygnalan gozalardan alnan pagtanyň bu ýyl pagta bazasyna kabul edilmezliginiň mümkindigini aýdýarlar. Ýöne etrap häkimiýetleri “olary öýlerde guradyp açarsyňyz we 10-20 kilogram bolsa-da, gelejek ýylyň hasylyna goşarsyňyz” diýdiler” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan maryly kärendeçi gürrüň berdi. Ýöne ol howanyň temperaturasy 0-2 gradusa çenli ýetýän şu günlerde pagta ýygymynyň gün-günden kynlaşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. “Howa barha ýaramazlaşýar. Ýagyn agşam, ýa günortan, ýa-da irden ýagýar.

Atyzlaryň içi suw, palçyk.Oňa girip-çykmak kyn bolýar. Ýygymçylaryň aýagy suw, myžžyk bolýar. Şu sebäpli keselleýän adamlar hem az däl” diýip, kärendeçi sözüni jemledi.Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi taýdan 31-nji awgustda badalga berildi we 9-njy noýabrda döwlet resmileri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygnalyp, bu ýylky borçnamanyň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda býujet işgärleriniň we esgerleriň mejbury pagta ýygymyna çekilmegi barada Azatlyk Radiosy we garaşsyz habar serişdeleri yzygiderli habar berýär.Marynyň dürli etraplarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri 3-nji dekabrda habar berdi. 26-njy noýabrda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy tagtabazarly ýygymçylaryň gowaçanyň gozasyna ilişip galan pagtanyň iň soňky hanasyny ýygmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurduň oba hojalygynda mejbury zähmeti ulanmakda ýylyň-ýylyna tankyt edýärler.Emma türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada kelam agyz söz aýtman, kärendeçileriň “pagta ýygymyna uly höwes bilen gatnaşýandygyny” öňe sürýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi
Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Azerbaýjanyň we bütin türki dünýäniň esasy edebiýatçylaryndan biri bolan Anar Rzaýew