Wirusolog, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň milli gözleg merkeziniň baş işgäri Anatoliý Altşteýn koronawirusyň belli bir wagtdan soň adam populýasiýasyndan gitjekdigini, ýöne bütinleý däldigini çaklaýar.
Wirusolog adamlaryň kesellemegi dowam etdirjekdigini, ýöne pandemiýa ýagdaýynyň bolmajakdygyny düşündirýär. Altşteýniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda dünýäde immunlaşdyrylan adamlaryň sany örän köp. Şeýle-de bolsa, alymlar COVID-19-y öwrenmeklerini ýene uzak wagtlap dowam etdirerler diýip, ol belledi.