Wiolençelçi Alekseý Wasilýew bilen pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyşyny Beýik Ýeňşe bagyşladylar

Magtymguly Milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýylygyna bagyşlanan kamera saazlarynyň konserti boldy.Onda Russiýanyň at gazanan artisti, Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň rektory, wiolençelçi Alekseý Wasilýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyş etdiler.

Konsertiň başynda çalnan Lýudwig Wan Bethoweniň Wiolençel we fortepiano üçin 4-nji sonatasynyň näzik melodiki palitrasy diňleýjilere durmuş gözelligi we şatlyk duýgusyny peşgeş etdi.Ussat sazandalaryň çeper tilsimlerde çalan sazynyň hoşowaz melodiki frazalary tomaşaçylary özüne ýüpsüz baglady.

Alfred Şnitkeniň sonatasy (1978 ý.) diňleýjilerde gaýgydyr hasrata, bulam-bujarlyk we dartgynlylyk duýgylaryny döretdi.Sergeý Rahmaninowyň wiolençel we fortepiano üçin sonatasynyň mažor owazlary göwün göteriji we Ýeňşe ynamly ýaňlandy. Şondan soň sazandalar Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň doglan gününiň 180 ýyllygy mynasybetli kompozitoryň Italýan kapriççiosyny ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmalaryna mynasyp boldular.

Diňleýjiler usssatlara minnetdarlygyny aýdyp, olar bilen el telefonuna surata düşüp bolanlaryndan soň sazandalar bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik döredi. - Aleksandr Nikolaýewiç, näme üçin hut şu eserleri saýladyňyz?Dogrymy aýtsam, men Beýik Ýeňşe bagyşlanan konsertde olary çalmagy göz öňünde tutmaýardym. Ýöne, olar bu şanly waka bilen sazlaşan ýaly.

Saz abstrakt sungat.Bethoweniň eserleri nusgawy eserler, ol şadyýan we bagtyýar pursatlardan doly parahat durmuşy ýada salýar. Şnitkeniň duýdansyzlygy bilen çekindirýän sonatasy uruş hasratyna kybap gelýär.Rahmaninowyň Ýeňşiň çalt gelerine umytly eseri bolsa, sowet halkynyň ruhuny galkyndyrypdy. - Şu eseriň saýlanyp alynmagyna täsir eden bir ýagdaýam ýatlamaly diýip Wladimir Mkrtumow söze goşuldy.

Bilşiňiz ýaly, Rahmaninow sowet häkimetini halap barmaýardy, ýöne uruş döwri sonata üçin berlen gonoraryny tutuşlygyna Gyzyl Goşunyň gaznasyna geçiripdi.Ol faşizmden üstün çykylmagynyň hatyrasyna kompozitoryň raýatlyk edermenligidi. - Çykyşdan öň Siz bary-ýogy iki gezek repetisiýa geçipsiňiz. Şonda-da bilelikde nädip beýle sazlaşykly çykyş etmegiň hötdesinden geldiňiz? - Iki repetisiýa, elbetde, az. Ýöne men Wolodýanyň örän güýçli sazandadygyny gowy bilýärin, biziň herimiz şol eserleri ençeme gezek çalypdyk.

Onsoň biz, eger-de çalşymyz saýry gelse, birek-birege kybap bolaly diýip gepleşipdik. - Birek- biregi öňden bäri tanaýarsyňyzmy? -Biz Moskwanyň sazçylyk uçilişşesinde okan döwrümiz umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda ýaşapdyk.

Elebetde, bile sazam çalýardyk.Biz indi 33 ýyl bäri dost. - Öň uly sahnada bile çykyş etmänmidiňiz? - Ine, şu konsert uly sahnada bilelikdäki ilkinji çykyşymyz! - Aşgabatly tomaşaçyalar barada näme aýdarsyňyz? - Ajaýyp duýgyr, taýýarlykly, saza dogry seslenip bilýän, iň esasy-da, el telefonlaryny öçürýän diňleýjileriňiz bar, ol häzirki döwürde ýetdirmeýän zat. - Siz köp konsert berýärsiňiz.

Ol Siziň Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň rektory işiňize päsgel bermeýärmi? --Men häzir ýolbaşçylyk edýän konserwatoriýamda okan ýyllarymam konsert berýärdim.Ol okuwyma zelem bermändi, indem işime päsgel bermeýär. Ýeri gelende, biziň talyplar bilen Çaýkowskiniň Garahal gyz operasyny goýýandygymyzy hem aýdaýyn.

Onda hemişe tanymal wokalçylar çykyş ederdiler, ilkinji gezek ony talyplar ýerine ýetirýärler. - Üstünlik hemraňyz bolsun, ýene gelip duruň! -Mümkinçilik döredigi hökman gelerin.

Ýene degişli makalalar

Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Resul Gylyjowyň täze taslamasy: ertekiniň sungat dilindäki beýany we saz fantaziýalary
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Baky saz ýaňlanar...
Söýgi hakda...: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler