Bütin dünýäde düýn anna güni Windows ulgamynyň işinde bozulma döredi. Döwlet edaralarynyň, hassahanalaryň, poçtalaryň, banklaryň, demirýol menzilleriniň, teleýaýlymlaryň, hatda 911 halas ediş gullugynyň işi togtady diýip, MIR 24 habar berdi.
Habar ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna CrowdStrike amerikan antiwirusynyň täzelenmegi sebäp boldy.
Awstraliýanyň, ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň, Ysraýylyň, Germaniýanyň howa menzilleri ýolagçylara uçuşlaryň saklanýandygyny duýdurdy. Aeroportlaryň ählisinde nobatlar döredi.
SkyNews britan teleýaýlymy ulgamdan öçürildi, awtoulag kompaniýalaryň saýtlary işlemedi, internet ulanyjylar öz akkauntlaryna girip bilmedi.
Flightaware portaly Windows ulgamynda ählumumy bozulma sebäpli, dünýäde 2,5 müňden gowrak uçuşlaryň ýatyrylandygyny habar berdi.
ABC teleýaýlymynyň habaryna görä, tehniki bökdençlik CrowdStrike kiberhowpsuzlyk boýunça amerikan guramasy bilen bagly döredi.
Windows ulgamynyň işindäki meseläniň ilkinji sebäbi aradan aýrylsa-da, onuň täsiriniň käbir goşmaçalarda we gulluklarda duýulýandygy aýdylýar.
Windows dünýäde iň köp ulanylýan iş ulgamydyr, bu onuň işindäki bozulmanyň dünýä ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna täsir edendigini aňladýar. Hatda dünýäniň meşhur futbol klublary hem öz oýunlary üçin petekleri satmagy soňa goýmaga mejbur boldy.