Win Dizel Forsaž 10 filminiň surata düşüriljek ýerlerini mälim etdi

Win Dizel Forsaž 10 filminiň surata düşüriljek ýerlerini mälim etdi

Gürrüňi edilýän tapgyrlaýyn filmleriň baş gahrymany, prodýuser Win Dizel özüniň resmi Twitter sahypasynda Forsažyň onunjy filminiň surata düşüriljek ýeri barada aýtdy.

Aktýoryň bellemegine görä, filmde esasy wakalar Beýik Britaniýada, has takygy, Londonda bolup geçer. Şeýle hem aktýor internet sahypasynda Pol Woker hem-de Taýriz Gibson bilen düşen suratyny ýerleşdirdi.Dizeliň bu täzeligini filme gatnaşyjylaryň ählisi, şol sanda ýedinji filmde aradan çykan Pol Wokeriň ýerine çykyş eden Kodi Woker dagy hem halandygyny beýan etdi.

Kinonews.ru web saýtynyň belleýşi ýaly, ol filmiň ahyrky tapgyrlarynda-da çykyş eder.

Forsaž 10 filminiň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň ýazyna meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy
Forsaž-10-yň birinji bölümi surata düşürilip başlandy
Forsaž 10-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi